Ramos Ispaniýanyň çempionatynda geçirilen oýunlaryň sany boýunça Messiden geçdi

  • 31.01.2024 15:28
  • 6.9k+

«Sewilýanyň» goragçysy Serhio Ramos Ispaniýanyň çempionatynda geçirilen oýunlaryň sany boýunça argentinaly hüjümçi Lionel Messiden öňe geçdi. Bu barada žurnalist Pedro Martin özüniň «X» sosial ulgamyndaky (öňki Twitter) sahypasynda habar berdi.

Ramos Ispaniýanyň çempionatynyň 22-nji tapgyrynda «Osasuna» bilen duşuşyga gatnaşdy (1:1). Goragçy üçin bu Ispaniýanyň çempionatyndaky 521-nji oýun boldy. Ol La Ligadaky oýunlaryň sany boýunça 520 duşuşyga gatnaşan Messiden öňe geçip, sekizinji ýeri eýeledi.
Ispaniýanyň çempionatynda geçirilen oýunlaryň sany boýunça rekord Andoni Subisarreta we Hoakine (622) degişlidir.
Ramos 2023-nji ýyldan bäri «Sewilýada» oýnaýar. Onuň klub bilen baglaşan şertnamasy 2024-nji ýyla çenli dowam edýär. Goragçy bu klubda 2004-2005-nji ýyllar aralygynda oýnady. Şeýle hem Ramos Ispaniýada «Realyň» düzüminde çykyş etdi.
Ramos bu möwsüm Ispaniýanyň çempionatynda 13 duşuşyga gatnaşyp, bir pökgi geçirdi.


şu gün 16:18
4.2k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

düýn 19:10
5.9k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.6k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.9k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....