Türkmenistandan 3 talyp Ýaponiýada "MIRAI" okuw maksatnamasyna gatnaşdylar

  • 31.01.2024 13:55
  • 8.9k+

Merkezi Aziýa we Kawkaz döwletleriniň hukuk ugrundan bilim alýan, şeýle-de hukuk ulgamynda işleýän ýaşlarynyň 24-si 2024-nji ýylyň 16 — 22-nji ýanwary aralygynda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde «Hukugyň hökmürowanlygy» mowzugy boýunça geçirilen «MIRAI» okuw maksatnamasyna gatnaşyp, bilimdir tejribelerini artdyrdylar. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär.

Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk merkezi tarapyndan guralan maksatnama Türkmenistandan Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary Nowruz Nurberdiýew, Dursunjemal Ýylkybaýewa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Serdar Rahymow türkmen talyplaryna wekilçilik etdiler.
Maksatnama gatnaşanlar Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginde, Ýokary kazyýetinde, Keio uniwersitetiniň hukuk fakultetinde, Nişimura&Asahi hukuk firmasynda, Adalat ministrliginiň Halkara adalat merkezinde, Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Uzak Gündogar boýunça Jenaýatyň öňüni almak we jenaýatçylara çemeleşmek boýunça institutynda guralan okuw derslerine, seminarlara gatnaşdylar. Ýaşlar Ýaponiýanyň kanunçylygy we halkara hukugyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri, «Hukugyň hökmürowanlygy» mowzuklary boýunça bilim aldylar.
Okuw meýilnamasyndan daşgary oňa gatnaşyjylar Ýaponiýanyň taryhy, ýapon halkynyň medeniýeti, däp-dessurlary bilen tanyşdylar. Meşhur Tokio diňine, gadymy «Asakusa» meýdançasyna, Senso-ji ybadathanasyna, ýapon seýilgählerine guralan gezelençler bu halky has ýakyndan tanamakda örän ähmiýetli boldy. Gezelençleriň dowamynda ýapon milli tagamlary dadyldy. Çaý dabarasynyň çäklerinde «matça» çaýyny taýýarlamak we içmek medeniýeti öwrenildi. Fuji dagyna, Oşino Hakkaý we Fuji dagynyň Bütindünýä miras merkezine guralan gezelençler hem örän täsirli pursatlara beslendi. Oşino Hakkaý — Fuji dagynyň eteginde ýerleşýän, meşhur sekiz sany kölden ybarat bolan syýahatçylyk nokady. Bütindünýä miras merkezi bolsa bu ajaýyp dagyň medeni we tebigy ähmiýetini has çuňňur öwrenmek üçin döredilen muzeýdir.
Maksatnamanyň jemleýji gününde oňa gatnaşyjylar Ýaponiýanyň medeni mirasy, taryhy we däp-dessurlary, «Hukugyň hökmürowanlygy» boýunça öwrenen zatlary barada ýurduň Daşary işler ministrliginde hasabat bilen çykyş etdiler. Maksatnama gatnaşyjylara gysga möhletli okuwlary üstünlikli tamamlandyklary barada degişli şahadatnamalar gowşuryldy.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......