Türkmen ilçisi Özbegistanyň iň iri hem gadymy uniwersitetleriniň biriniň rektory bilen duşuşdy

  • 31.01.2024 12:33
  • 5.4k+

29-njy ýanwarda Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Ş.Meredow Özbegistanyň Mirzo Ulugbek adyndaky milli uniwersitetiniň rektory Inom Majidow bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.

Duşuşykda taraplar iki ýurduň ylym-bilim babatyndaky hyzmatdaşlygyny we ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar Türkmenistanyň Prezidentiniň “Ýaşlar-Watanyň daýanjy” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyny we  Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäreleri geçirmek meselelesini hem aýratyn belläp geçdiler.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň ilçisi Ş.Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitabyny Mirzo Ulugbek adyndaky milli uniwersitetiň rektoryna gowşurdy.
Uniwersitetiň saýtynda bellenilip geçilişi ýaly, bu uniwersitetde Magtymgulynyň ýubileýi mynasybetli halkara maslahatyny geçirmek, şeýle hem özbek filologiýasy fakultetinde şahyryň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan mini-kitaphanany döretmek meýilleşdirilýär.


Mirzo Ulugbek adyndaky milli uniwersitet Merkezi Aziýada hereket edýän iň gadymy ýokary okuw mekdepleriniň biri hasaplanylýar.
Bellenilişi ýaly, bu günki gün, Özbegistanyň Milli uniwersitetiniň 13 sany fakultetinde Türkmenistandan 341 talyp bilim alýar. 


düýn 16:07
1.9k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....