Rumyniýanyň paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaby tanyşdyryldy

  • 31.01.2024 11:40
  • 3.4k+

29-njy ýanwarda Türkmenistanyň Buharestdäki ilçihanasynyň binasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň "Ýaşlar - Watanyň daýanjy" kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çäre şeýle hem 2024-nji ýylyň ýurdumyzda "Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlandy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Çärä diplomatik wekilhananyň wekilleri we Rumyniýada bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.
Ýygnananlaryň öňünde çykyş etmek bilen, ilçi Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynda ýurdumyzyň ýaşlar syýasatynyň gazananlarynyň, şeýle hem döwlet durmuşynyň dürli ugurlarynda ýaş nesliň ornunyň we üstünlikleriniň beýan edilýändigini belledi.
Şeýle hem TÜRKSOÝ guramasy tarapyndan şu ýylyň Magtymguly Pyragy ýyly, Änew şäheriniň bolsa türki dünýäsiniň paýtagty diýlip yglan edilendigi nygtaldy.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......