Ermenistan maý aýynda Aşgabatda geçiriljek «Agro-Pak Turkmenistan and Turkmen Food» halkara sergisine gatnaşmagy meýilleşdirýär

  • 30.01.2024 18:45
  • 6.3k+

29-njy ýanwarda Türkmenistanyň Ermenistandaky ilçisi M.Aýazow Ermenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Wise-prezidenti K.Iwanow bilen duşuşdy.

Türkmen daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda iki dostlukly döwletiň söwda-ykdysady mümkinçiliklerini hem-de haryt dolanyşygyny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň dowamynda ermeni bazarynda “Made in Turkmenistan” ýazgysy bolan türkmen senagat önümlerine gyzyklanmanyň ýokarlanýandygy bellenildi we iki döwletiň arasyndaky haryt dolanyşygynyň sanawyny baýlaşdyrmaga taraplaryň taýýardygy beýan edildi we bu ugurda Karen Iwanow Ermenistanda Türkmenistanyň söwda öýüniň açylmagyny goldaýandygyny aýtdy.
Söwda-senagat edarasynyň Wise-prezidenti, şeýle hem, Ermenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekiliýetiniň 2024-nji ýylyň maýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Azyk önümleriniň döwrebap tehnologiýalarynyň «Agro-Pak Turkmenistan and Turkmen Food» atly halkara sergisine gatnaşmagy meýilleşdirýändigi barada habar berdi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar şeýle hem ulag-logistika infrastrukturasynyň meselelerini we täze logistika ugurlaryny ýola goýmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

08.06.2026 15:17
3.7k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......