Wengriýada geçen ýyl otlular jemi 5 ýyl 8 aý gijä galyp geldi

  • 30.01.2024 12:54
  • 8.8k+

2023-nji ýylda Wengriýadaky ýolagçy otlulary jemi bäş ýyl sekiz aý gijigip geldi. Şeýle maglumatlary Wengriýanyň MAV demir ýol kompaniýasy getirýär diýip, Telex internet neşirine salgylanýan TASS ýazýar.

Ýolagçylar ulagyň gelmegine jemi 3 million minut garaşmaly boldular, bu bolsa, takmynan, bäş ýyl sekiz aý diýmekdir.
Şeýle-de bolsa, Wengriýanyň otlularynyň ýolda bolan umumy wagty bilen deňeşdirilende, alty ýyla golaý gijä galmak beýle uzak möhlet dälem ýaly diýip, Telex belleýär. 2023-nji ýylda olaryň ýolda geçiren umumy wagty 176 ýyl 6 aý boldy.
Şol bir wagtyň özünde, 2023-nji ýyldaky görkeziji soňky ýedi ýylda - MAV täze hasaplama usulyýetini girizeninden bäri iň ýaramazy boldy. Işler 2020-nji ýylda has gowudy, ýöne bu diňe koronawirus pandemiýasy wagtynda ýolagçylaryň sanynyň azalmagy sebäpli, gatnawlaryň sanynyň kemeldilmegi bilen baglanyşykly şeýle boldy.
Demirýol kompaniýasy otlularyň gijä galmagynyň esasy sebäbi elektrik liniýalarynyň ýolunmagy, lokomotiwleriň döwülmegi we howa şertleriniň ýaramazlygy bilen bagly boldy diýip görkezdi.


11.05.2026 11:22
2.4k+

Peter Madýar Wengriýanyň täze premýer-ministri boldy

«Tisa» partiýasynyň lideri Peter Madýar täze çagyrylyşdaky Döwlet ýygnagynyň (bir palataly parlament) birinji mejlisinde Wengriýanyň premýer-ministri wezipesine saýlandy. Onuň dalaşgärligini 140 deputat......

13.04.2026 17:22
3.9k+

Wengriýadaky parlament saýlawlarynda «Tisa» partiýasy ýeňiş gazandy

Wengriýada geçirilen parlament saýlawlarynda «Tisa» oppozision partiýasy ýeňiş gazandy. Ol býulletenleriň 98,9%-i sanalandan soň, sesleriň 53,07%-ini aldy....

13.11.2025 20:08
3.4k+

Raşid Meredow Jibutiniň, Yragyň, Slowakiýanyň we Wengriýanyň daşary işler ministrleri bilen gepleşikleri geçirdi

12-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow daşary ýurtly kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler. Hususan-da, R.Meredow Jibutiniň...

01.10.2025 13:21
1.2k+

Aşgabatda hökümetara türkmen-wenger toparynyň mejlisi geçirildi

29–30-njy sentýabrda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň altynjy mejlisi geçirildi. Wengriýanyň wekiliýetine Daşary işler we söwda ministrliginiň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek boýunça döwlet sekretary Boglarka Illeş ýolbaşçylyk etdi...