Samsung ulalýan displeýli smartfon döretdi

  • 29.01.2024 21:41
  • 8.7k+

«Samsung» kompaniýasynyň inženerleri dürli tarapa uzalyp bilýän displeýi bolan smartfonyň nähili görnüp biljekdigini görkezdiler. Bu barada lenta.ru «The TechOutlook» neşirine salgylanyp habar berýär.

Žurnalistler internetde koreý korporasiýasynyň patentini tapdylar. Suratlara salgylansak, «Samsung» tarapyndan teklip edilen telefonyň inedördül korpusy we açylýan ekrany bar. Ekrany zerurlyga baglylykda, dürli taraplara uzaldyp bolýar.
Oýlap tapyşyň beýanynda, ulalýan displeýiň mehanizminiň çeýe bölekden we birleşdirijiden ybaratdygy aýdylýar. Birleşdiriji çeýe paneli islendik tarapa çekmäge mümkinçilik berýän we pružin täsirini döredýän görnüşde işlenip düzülipdir.
Mundan başga-da, resminamada şeýle dizaýnyň çeýe ekrana berklik berjekdigi we epinleriň aradan aýryljakdygy aýdylýar. Žurnalistleriň bellemeklerine görä, eplenýän smartfonlaryň bazarynda öňdebaryjy bolan «Samsung» geljekki enjamlary döredende täze tehnologiýalary ulanyp biler.


03.03.2026 15:24
6.6k+

Galaxy S26 Ultra aýdylyşyndan has çalt zarýad alýar

Samsung-yň flagman smartfony Galaxy S26 Ultra resmi taýdan yglan edilendäkiden has ýokary zarýad alyş tizligini görkezdi. Tanyşdyryş wagtynda kompaniýa Super Fast Charging 3.0 tehnologiýasy arkaly enjamyň 30 minutda 75%-e çenli zarýad alyp biljekdigini habar beripdi...

03.03.2026 06:09
11k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasyny iPhone-nyň we Xiaomi-niň kameralary bilen deňeşdirdiler

Internetde Samsung kompaniýasynyň täze flagman smartfony bolan Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezýän deňeşdirme suratlary peýda bolup başlady. Hususan-da, bir meňzeş sahnanyň birbada birnäçe enjamda, ýagny Samsung Galaxy S26 Ultra, Xiaomi 17 Ultra, Samsung Galaxy S25 Ultra, iPhone 17 Pro Max, Vivo X300 Pro we Oppo Find X9 Pro smartfonlarynda düşürilen suratlary çap edildi...

26.02.2026 09:53
7.2k+

Samsung Galaxy S26 Ultra çykdy: Ekrany «ýaşyrýan» funksiýa we alýumin korpus

San-Fransiskoda geçirilen Galaxy Unpacked 2026 çäresinde Samsung kompaniýasy täze Galaxy S26 Ultra smartfonyny hödürledi. Bu flagman diňe bir kuwwatlylygy bilen däl, eýsem şahsy gizlinligi goramak ukyby bilen hem tapawutlanýar...

16.02.2026 03:47
5.3k+

Samsung-yň täze funksiýasy Galaxy S26 Ultra-nyň ekranyny ýat gözlerden gorar

Samsung-yň Demirgazyk Amerika bölümi ekranyň ýüzüni nätanyş gözlerden gizleýän täze funksiýa hakynda gysgajyk wideo görkezdi. Kompaniýa oňa «Privacy Display» diýip at berýär. Bu tehnologiýany ilkinji bolup, Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonunyň almagyna garaşylýar...