Nokia 1100 taryhda iň köp satylan telefon boldy

  • 29.01.2024 15:42
  • 15k+

Düwmeli «Nokia 1100» taryhda iň meşhur jübi telefony boldy. «Visual Capitalist» portaly iň köp satylan enjamlaryň sanawyny düzdi.

Çeşmä görä, sanawyň birinji ornuny 2003-nji ýylda çykan «Nokia 1100» eýeledi, alty ýylda onuň 250 million nusgasy satylypdyr. Ikinji orny 248 million enjamdan biraz pes görkezijisi bolan, bu brendiň ýene bir düwmeli modeli – «Nokia 1110» eýeledi.
Iň meşhur enjamlaryň üçlüginde «iPhone 6» we «6 Plus» (222 million nusga) hem orun aldy. Onuň uly sensorly ekrany bolan jübi telefonlarynyň eýýamyny açandygy we häzirki döwürde iň köp satylan smartfon bolmagynda galýandygy bellenilýär.
Ilkinji bäşlige «Nokia 105» (200 million nusgada satyldy), şeýle hem «iPhone 6s» we «6s Plus» (174 million nusga) girdi. Olardan aşakda fin we amerikan brendleriniň beýleki modelleri ýerleşdi. Şol bir wagtyň özünde, düwmeli «Samsung E1100» ilkinji ýigrimilikde 11-nji orny, eplenýän «Motorola Razr V3» bolsa 17-nji orny eýeledi.


19.07.2025 07:03
6.9k+

Nokia-nyň eýesi DeepSeek-li düwmeli telefonlary çykardy. Ol emeli aňy nädip ulanmalydygyny düşündirýär

Nokia brendine eýeçilik edýän HMD kompaniýasy DeepSeek EA modeliniň esasynda sesli çat-bot bilen HMD 101 we HMD 102 düwmeli telefonlaryny çykardy. Olar, ilkinji nobatda, gartaşan ulanyjylar üçin niýetlenýär. Telefonlaryň esasy aýratynlygy ses kömekçisini çagyrýan merkezi “AI” düwmesi boldy...

15.04.2025 12:54
4.5k+

HMD Global Nokia-nyň düwmeli telefonlaryny dikeldýär

HMD Global Nokia brendi astynda täze düwmeli telefonlar hataryny çykarmaga taýýarlanýar. Bu kompaniýanyň fin brendi bilen baglaşan ygtyýarnama şertnamasynyň 2026-njy ýylda tamamlanmazyndan öň bolup geçer. Bu barada «GizmoChina» neşiri habar...

13.03.2025 09:27
3.5k+

Hyzmat ediş çäginden daşda: Nokia Aýdan ilkinji telefon jaňyny edip bilmedi

Finlýandiýanyň Nokia kompaniýasy Aýdan ilkinji telefon jaňyny amala aşyrmak synanyşygynyň şowsuz bolandygyny habar berdi. Munuň üçin zerur enjamlar Intuitive Machines kompaniýasynyň IM2 missiýasy bilen Athena gonuş...

22.01.2025 17:51
6.1k+

Nokia öz telefonlarynyň we işläp taýýarlamalarynyň sanly muzeýini işe girizdi

Nokia öz telefonlaryna we işläp taýýarlaýyşlaryna bagyşlanan renderleri, suratlary we wideomateriallary öz içine alýan ýüzlerçe eksponatly onlaýn arhiwini işe girizdi diýip, Wired habar berýär. Nokia Design Archive...