Türkmenistanyň harby gullukçylarynyň bir toparyna medallar, harby we ýörite atlar dakyldy

  • 28.01.2024 13:31
  • 23k+

27-nji ýanwarda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanyp baýramçylyk dabarasy geçirildi. Onuň barşynda Watan goragynda yhlasy, zähmeti, güýç-gaýraty bilen tapawutlanan harby gullukçylara döwlet sylaglary gowşurylyp, nobatdaky harby atlary dakyldy.

Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň bir toparyna medallary gowşurmak, harby we ýörite atlar dakmak hem-de hünär derejelerini bermek hakynda Permana Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.
Döwlet sylaglaryny, nobatdaky harby atlaryny kabul eden Watan goragçylary Döwlet baýdagyna togap edip, wepalylyk kasamyny ýerine ýetirdiler.

Şu salgydan Watan goragçylarynyň güni mynasybetli dabaradan fotosuratlara syn edip bilersiňiz.


şu gün 13:44
245

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

şu gün 07:42
963

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......