Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti «Times Higher Education Awards Asia 2024-iň» sekizligine girdi

  • 27.01.2024 15:18
  • 12k+

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti «Student Recruitment Campaign of the Year» ugry boýunça sanawyň sekizligine girmegi başardy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Metbugat gullugy habar berýär.

Angliýada we Irlandiýada eýýäm 19 ýyldan bäri hereket edýän, dünýäde «Oscars of higher education» ady bilen giňden tanalýan «Times Higher Education Awards Asia» baýraklary «THE Awards Asia» ady bilen häzirki wagtda Aziýa yklymynda hem doly ýola goýuldy. Ol uniwersitetleriň akademiki, ýolbaşçylyk, dolandyryş we hünär hyzmatlary ýaly dürli ugurlary boýunça alyp barýan işlerini ykrar edýärler.
Bu baýraklaryň altynjy gezekki neşirine 17 ýurtdan 80 finalçy dalaş edýär. Bu ýyl uniwersitetlerdäki çäreleriň ähli görnüşlerini öz içine alýan 10 ugur boýunça 600-den gowrak ýüz tutmalar kabul edildi. «Student Recruitment Campaign of the Year» ugry boýunça sanawyň sekizligine Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti hem girmegi başardy.
Talyplyga dalaşgärleriň isleglerini we gyzyklanmalaryny ýokarlandyrmak boýunça Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener tehnologiýalar uniwersiteti (TITU) ýokary derejeli zehinleri çekmäge, yhlasly we erjel talyplaryň jemgyýetini döretmäge çalyşýan öňdebaryjy uniwersitet hökmünde tanalýar. Geçen ýyllarda has köp zehinli talyplary çekmek üçin TITU iki sany ýurt derejesindäki çäräni gurady: ýagny, orta mekdep okuwçylary üçin «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly integrirlenen olimpiadasy; we 18 — 35 ýaş aralygyndaky raýatlar üçin innowasion tehnologiýalaryň taslama bäsleşigi. Iki çäre hem TITU we onuň akademiki meýilnamalaryny dalaşgärleriň giň toparyna hödürlemekde ýokary derejeli netijeleri gazandy.
«THE Awards Asia 2024» sanawynda iň ýokary derejeli uniwersitetleriň arasynda Singapuryň, Günorta Koreýanyň, Gonkongyň, Malaýziýanyň, Hindistanyň, Hytaýyň, Türkiýäniň, Filippinleriň, Taýlandyň, Indoneziýanyň, Ýaponiýanyň, Pakistanyň, Kambojanyň we beýleki ýurtlaryň uniwersitetleri hem bar. Bu baýrak Türkmenistanyň uniwersitetleriniň Aziýanyň we dünýäniň abraýly uniwersitetleriniň sanawyna goşulmak işjeňligini görkezýär. UniRank reýtinginden mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Aziýada resmi taýdan ykrar edilen 6065 ýokary okuw mekdebi bar.
Ýeňijiler 29-njy aprelde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek dabarada mälim ediler. Bu çäre Sunweý uniwersiteti bilen hyzmatdaşlykda geçiriljek Aziýa uniwersitetleriniň sammitiniň ilkinji güni tamamlanar.


düýn 18:12
5.1k+

Türkmenistanda 31 alyma ylymlaryň doktory we kandidaty derejeleri berildi

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda ylymlaryň doktory we ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesini alan alymlara diplomlary gowşurmak dabarasy boldy. Bu barada TDH habar berýär....

düýn 16:37
4.7k+

Döwlet Baştutany TYA-nyň ykdysady we syýasy ylymlary boýunça akademikligine saýlanyldy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Umumy ýygnagynyň çözgüdine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady we syýasy ylymlar boýunça......

düýn 16:35
6k+

Türkmenistanyň Prezidentine ykdysady we syýasy hünärler boýunça professor alymlyk ady dakyldy

Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň prezidiumynyň çözgüdine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, syýasy ylymlaryň doktory Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa ykdysady we syýasy hünärler boýunça......

düýn 07:55
2.5k+

Oguz han adyndaky ITU daşary ýurt uniwersitetleri we kompaniýalary bilen 5 şertnama baglaşdy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde 10-11-nji iýun aralygynda Ylymlar güni mynasybetli «Oguz han uniwersiteti: zehin, innowasiýa, ösüş» atly halkara ylmy-amaly maslahat......