Toyota hemme babatda Lexus-dan ozdurjak ultra-lýuks Century brendini döretmegi meýilleşdirýär

  • 27.01.2024 15:11
  • 17k+

Toyota kompaniýasy Century markasy astynda ultra-lýuks awtoulag modellerini öndürmek kararyna geldi. Ol kaşaňlygy bilen tapawutlanjak brend hökmünde Lexus-dan has ýokarda durar diýip, Forbese salgylanýan IXBT.com habar berýär.

Häzirlikçe täze hatarda diňe bir model - geçen ýyl ilkinji gezek çykan Toyota Century krossoweri bar. Geljekde ulaglardan esasy kompaniýanyň ady aýrylar. Toyota täze krossowerini ýöne Century we 1967-nji ýyldan bäri üç nesil çalşyran dört gapyly görnüşini bolsa Century Sedan diýip atlandyrar.
Toyota kompaniýasynyň ýolbaşçysy täze Century krossoweriniň Ýewropada, Ýakyn Gündogarda, Aziýada we Amerikada desti sag hem-de çep tarapda ýerleşen görnüşlerinde hödürlenjekdigini we täze modeliň müşderilere öz ulaglaryny doly kastomizirlemäge mümkinçilik berýän köp sanly opsiýalary hödürlejekdigini tassyklady. Alyjylar bahasy  takmynan 170 000 dollar töweregi bolan standart Century-ni ýa-da bahasy 220 000 dollar töweregi bolan GRMN wersiýasyny saýlap bilerler.


düýn 01:38
5.7k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

11.06.2026 14:04
10k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....

09.06.2026 15:11
3.4k+

Toyota TR LH2 suwuk wodorodly prototipi Le-Manyň ýaryş ýoluna çykar

"Toyota Gazoo Racing" kompaniýasy 2026-njy ýyldaky «Le-Manyň 24 sagady» ýaryşynda täze wodorodly "TR LH2 Racing Prototype" ýaryş prototipini görkezer. Awtoulag ilkinji gezek köpçüligiň öňünde ýaryş ýoluna......

07.06.2026 19:49
3.1k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......