Ford Explorer awtoulaglarynyň bütin dünýä boýunça 2 milliondan gowragy yzyna çagyrylýar

  • 26.01.2024 22:35
  • 8.7k+

Motor1 neşiriniň habaryna görä, Ford kompaniýasy dünýädäki 2,2 million Ford Explorer kysymly awtoulaglaryny yzyna çagyrýar.

Mesele öňdäki stoýkanyň nakladkasynyň ygtybarly berkidilmezliginde. Bu kemçilik 2011-nji ýyldan 2019-njy ýyla çenli öndürilen awtoulaglara degişli. Ford-yň resmi wekili bu kemçiligiň ulaglaryň umumy sanynyň takmynan 5%-ine täsir edip biljekdigini aýtdy, ýöne kompaniýa bu modeliň eýelerini ulagy gözden geçirtmek üçin dellallar bilen habarlaşmaga çagyrýar. Diňe Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda bu modeliň 1,8 million sanysynyň yzyna çagyrylandygy bellendi.
Geçen ýyl Ford ABŞ-da jemi, takmynan, 6,1 million bolan 58 modeli yzyna çagyrypdy.


05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 17:27
3.2k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

09.05.2026 09:12
2.2k+

Ford Mustang Cobra Jet 2200 elektromobilleriň tizlik rekordyny täzeledi

Ford Motor Company tarapyndan öndürilen Ford Mustang Cobra Jet 2200 drag-reýsing ýaryşlarynda elektrik awtoulaglarynyň arasynda täze dünýä rekordyny goýdy....

27.04.2026 19:03
3.6k+

Ford Mustang-y dört gapyly sedana öwürmek isleýärler

Ford meşhur Mustang-yň dört gapyly wersiýasyny işläp düzýär. Ol 2028-nji ýyla çenli, ähtimal, Mach 4 ady bilen satuwa çykarylyp bilner....