Zwonimir Boban UEFA-nyň müdiri wezipesinden gitdi

  • 26.01.2024 21:52
  • 3.9k+

UEFA-nyň müdiri wezipesini eýelän Zwonimir Boban guramany terk etdi. Bu barada Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşiginiň metbugat gullugyna salgylanyp, championat.com habar berýär.

Bellenilişi ýaly, taraplar ikitaraplaýyn razylyk esasynda hyzmatdaşlygy bes etmek kararyna geldiler. Boban UEFA 2021-nji ýylda goşuldy we UEFA-nyň Futbol geňeşi we Ýaşlar futbol forumy ýaly tehniki ösüş pudagynda birnäçe möhüm taslamalary öňe sürdi.
Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi jenap Bobana yhlasly işi üçin minnetdarlyk bildirdi we geljekki karýerasynda üstünlikleri arzuw etdi.
Belläp geçsek, 2016-njy ýyldan 2019-njy ýyl aralygynda Zwonimir FIFA-nyň Baş sekretarynyň orunbasary boldy, şondan soň Italiýanyň “Milanynda” klub menejeri bolup işledi.


şu gün 10:24
2.2k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
2.1k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7.6k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
5k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......