Näsazlyklar düzedilýänçä Boeing 737 MAX uçarlarynyň önümçiligi gadagan edildi

  • 26.01.2024 18:32
  • 14k+

ABŞ-nyň Federal raýat awiasiýa edarasy (Federal Aviation Administration, FAA) Boeing kompaniýasyna ýanwar aýynyň başynda 737-9 MAX uçarynyň howada gapysynyň gopmagy bilen bagly bolup geçen wakadan soň 737 MAX uçarlarynyň önümçiligini giňeltmegi gadagan edýär. Bu barada edaranyň metbugat gullugyna salgylanyp, Interfax.ru habar berýär.

Şeýle-de, FAA waka bilen baglylykda uçuşy togtadylan 171 sany 737-9 MAX uçarynyň barlamak we abatlamak işlerini tassyklady. Bu proses üstünlikli tamamlanandan soň, olar ulanylyşa gaýtarylyp bilner.

“Biz prosesiň dowamynda ýüze çykarylan hil näsazlyklarynyň düzedilendigine göz ýetirýänçäk, Boeing-iň önümçiligi giňeltmek islegini kanagatlandyrmarys we 737 MAX-yň goşmaça önümçilik hataryny tassyklamarys” – diýip, FAA-nyň ýolbaşçysy Maýkl Uitaker aýtdy.

Ýanwar aýynyň başynda Alaska Airlines awiakompaniýasynyň Boeing 737-9 MAX uçary howada, takmynan, 5 km belentlikde gapysyny ýitirenden soň Portlendiň howa menziline mejbury gonmaly boldy. Ýolagçylaryň hiç biri zyýan çekmedi. Awiagatnadyjy Boeing-den uçary 2023-nji ýylyň noýabr aýynda aldy.
Şondan soň FAA ABŞ-nyň howa giňişliginde Boeing 737-9 MAX uçarlarynyň uçuşyny we olaryň amerikan awiakompaniýalary tarapyndan ulanylyşyny wagtlaýyn togtatmagy buýurdy.


10.05.2026 13:00
11k+

2022-nji ýylda Hytaýda Boeing 737 uçarynyň heläkçilige uçramagynyň sebäbi belli boldy

ABŞ-nyň Ulag howpsuzlygy boýunça milli geňeşi (NTSB) 2022-nji ýylyň 21-nji martynda heläkçilige uçran China Eastern Airlines awiakompaniýasynyň Boeing 737-800 uçarynyň bort ýazgy ediji enjamynyň (gara......

09.04.2026 20:31
5.4k+

Boeing dikuçarynyň turbina hereketlendirijisi oturdylan Chevrolet Camaro auksionda satylýar

«Bring a Trailer» onlaýn-auksionynda Turbinaro diýlip atlandyrylýan üýtgeşik awtoulag satuwa çykaryldy. Bu aslynda 2010-njy ýylyň Chevrolet Camaro modeli bolup, oňa Boeing T50 kysymly dikuçar......

01.10.2025 18:03
6.3k+

Boeing kompaniýasy 737 MAX modelini çalyşjak täze uçary işläp taýýarlamaga girişdi

Boeing korporasiýasy 737 MAX-yň ornuny tutjak täze inçe fýuzelýažly uçaryň üstünde işläp başlady. Kompaniýa öňki modeliň howpsuzlygy bilen bagly meselelerden soň bazardaky ornuny dikeltmäge çalyşýar diýip, The Wall Street Journal habar berýär...

27.03.2025 14:19
4k+

Boeing bilen Airbus uçarlaryny ýeňletmek üçin önümçilikde kompozitlere geçýär

Boeing we Airbus ýaly iri uçar öndürijileri howa gämileriniň önümçiligine çemeleşmäni üýtgedip, alýuminden ýüz öwürmegi we kompozit  materiallary ulanmagy maksat edinýär. Bu barada Interesting Engineering portaly...