Boeing-iň ýolbaşçylygy uçarlaryň howpsuzlygy bilen bagly meseleleriň esasynda işden çekilýär

  • 26.03.2024 18:39
  • 15k+

Boeing kompaniýanyň ýolbaşçylygynda uly üýtgetmeleriň geçiriljekdigini mälim etdi. Reuters agentliginiň habar bermegine görä, baş müdir Deýw Kalhun 2024-nji ýylyň ahyrynda wezipesinden gider, müdirler geňeşiniň başlygy Larri Kellner bolsa gaýtadan saýlanmak üçin öz dalaşgärligini hödürlemez. Raýat uçarlary bölümçesiniň ýolbaşçysy Den Stil eýýäm kompaniýany terk etdi.

Bu üýtgetmeler Boeing uçarlarynyň howpsuzlyk meseleleri bilen baglanyşyklydyr. 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda Alaska Air awiakompaniýasynyň täze Boeing 737 MAX 9 uçarynyň uçuş wagty heläkçilikde çykyş gapysy gopdy. Uçar uçuş howa menziline asuda gaýdyp geldi, hiç kim zyýan çekmedi, ýöne bu hadysa kompaniýa bolan ynamy gaçyrdy.
Howpsuzlyk bilen bagly meseleden başga-da, Boeing sargyt edilen uçarlary ibermekde-de kynçylyk çekýär, bu hem kontragentleriň nägileliginiň ýene bir sebäbi boldy.
Boeing-iň täze baş müdiriniň ady heniz belli däl. Ýolbaşçylygyň çalşyljakdygy baradaky habaryň esasynda kompaniýanyň paýnamalary 3% ýokarlandy.
Deýw Kalhun 2020-nji ýylda, 346 adamyň ölümine getiren iki 737 Max 8 uçarlarynyň heläkçiliginden soň Boeing-iň ýolbaşçysy boldy. Heläkçilikleriň sebäbi uçarlaryň gurluşyndaky kemçilikler boldy.


09.04.2026 20:31
5.4k+

Boeing dikuçarynyň turbina hereketlendirijisi oturdylan Chevrolet Camaro auksionda satylýar

«Bring a Trailer» onlaýn-auksionynda Turbinaro diýlip atlandyrylýan üýtgeşik awtoulag satuwa çykaryldy. Bu aslynda 2010-njy ýylyň Chevrolet Camaro modeli bolup, oňa Boeing T50 kysymly dikuçar......

01.10.2025 18:03
6.3k+

Boeing kompaniýasy 737 MAX modelini çalyşjak täze uçary işläp taýýarlamaga girişdi

Boeing korporasiýasy 737 MAX-yň ornuny tutjak täze inçe fýuzelýažly uçaryň üstünde işläp başlady. Kompaniýa öňki modeliň howpsuzlygy bilen bagly meselelerden soň bazardaky ornuny dikeltmäge çalyşýar diýip, The Wall Street Journal habar berýär...

27.03.2025 14:19
4k+

Boeing bilen Airbus uçarlaryny ýeňletmek üçin önümçilikde kompozitlere geçýär

Boeing we Airbus ýaly iri uçar öndürijileri howa gämileriniň önümçiligine çemeleşmäni üýtgedip, alýuminden ýüz öwürmegi we kompozit  materiallary ulanmagy maksat edinýär. Bu barada Interesting Engineering portaly...

30.01.2025 15:21
5.9k+

SpaceX NASA-nyň kosmosda galan astronawtlarynyň yzyna gaýdyp gelmegini tizleşdirer

2024-nji ýylyň iýun aýyndan bäri Halkara kosmos stansiýasynda galan Starliner gämisiniň ekipažy Ýere meýilleşdirilen möhletden öň gaýtarylyp bilner. Donald Tramp SpaceX-e bu iş bilen meşgullanmagy tabşyrdy. Ak...