Ferrari ýelkenli sport üçin gämileri döretmek bilen meşgullanar

  • 25.01.2024 23:49
  • 3.8k+

Ferrari kompaniýasy ýelkenli sport üçin öz toparyny döredendigini, onuň ýolbaşçysynyň bolsa köp ýyllap Maserati kompaniýasy bilen işleşen Jowanni Soldininiň boljakdygyny habar berdi. Bu barada championat.com belleýär.

Kompaniýa bu taslama üçin – konsepsiýany döretmek tapgyryndan başlap, gämini taslamak we ony gurmak tapgyryna çenli – özüniň ähli öňdebaryjy tehnologiýalaryny ulanjakdygyny belledi. Maranelloda geljekde bu tejribäniň kompaniýanyň sportkarlaryna-da oňyn täsir etmegine bil baglanylýar.

“Biz ýaryş ruhumyzy güýçlendirjek gyzykly syýahatyň bosagasynda. Biziň potensialymyz adaty çäklerden çykmaga we soňky innowasiýalarymyzy görkezmäge mümkinçilik berer” – diýip, Ferrari-niň prezidenti Jon Elkann belleýär.

Belläp geçsek, Jowanni Soldini soňky 11 ýyl Maserati topary bilen işleşdi.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

08.06.2026 16:02
2.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

04.06.2026 19:03
9k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......