Dubaýda dünýädäki iň uzyn kese binanyň gurluşygy tamamlanýar

  • 25.01.2024 23:31
  • 25k+

Dubaýda 225 metrlik gorizontal (kese) panoramo binasynyň gurluşygy tamamlanýar. Ol dünýädäki iň uzyn konsol binasy bolar. Taslama Ýaponiýanyň Nikken Sekkei binagärlik studiýasy tarapyndan işlenip taýýarlandy diýip, Dezeen habar berýär.

The Link diýlip atlandyrylýan bu konsol One Za’abeel atly iki sany beýik binany birleşdirýän köpri görnüşindäki gorizontal panorama binasydyr. Iki diňiň beýikligi – 241 m (57 gat) we 304 m (67 gat). Polat karkasdan we aýnadan ybarat konsol alty zolakly awtoulag ýolundan 100 m belentlikde ýerleşýär. Onuň agramy 9 müň tonna barabar.
Bu gorizontal binada restoranlar, 360 gradus syn bilen syn ediş meýdançasy, basseýn, spa, şeýle-de söwda toplumy we myhmanhana otaglary ýerleşer.
One Za’abeel hem täjirçlik, hem ýaşaýyş jaý emlägini öz içine alýan köp funksionally toplumdyr. Bu ýerde apartementler, myhmanhanalar, köp sanly barlar, restoranlar we güýmenje ýerleri bolar. Iki dik binanyň gurluşygy 2016-njy ýyldan 2021-nji ýyla çenli dowam etdi. The Link-iň gurluşygyny 2024-nji ýylyň ahyryna çenli tamamlamak meýilleşdirilýär.


26.05.2026 15:18
1.9k+

Dubaýda sebitiň ilkinji sanly sungat muzeýi açylar

Dubaýda Ýakyn Gündogaryň ilkinji sanly sungat muzeýi bolan Museum of Digital Art (MODA) açylar....

20.05.2026 11:29
6.9k+

Dubaýda diňe zenanlara niýetlenen gije-gündizlik ilkinji kenar açyldy

Dubaýda diňe aýal-gyzlar üçin niýetlenen, gije-gündiz işleýän we gije suwa düşmäge mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji hususy kenarýaka açyldy....

18.05.2026 11:22
8k+

20 müň tomaşaça niýetlenen: Abu Dabi ilkinji bolup ABŞ-nyň çäginden daşarda sfera binasyny gurýar

Abu Dabide ABŞ-nyň çäginden daşardaky ilkinji sfera binasy – «Sphere Abu Dhabi» atly täsin we doly derejeli göwün açyş toplumynyň gurluşygy yglan edildi....

22.04.2026 17:36
5.2k+

Dubaýda aerotaksi üçin ilkinji täjirçilik wertiport açyldy

Dubaýda dünýäde ilkinji gezek aerotaksiler üçin niýetlenen täjirçilik wertiporty (wertikal uçuş we gonuş duralgasy) açyldy. Bu desga halkara howa menziliniň çäginde ýerleşýär we dikligine uçýan hem-de gonýan......