Dueýn Jonson TKO kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy boldy

  • 25.01.2024 17:10
  • 10k+

Meşhur amerikan aktýory, prodýuser we restler Dueýn Jonson TKO Group Holdings, Inc. kompaniýasynyň müdirler geňeşine goşuldy. Bu barada geňeşiň wekili Wins Makmen habar berdi diýip, championat.com belleýär.

“Ýeriň ýüzünde sportuň, güýmenjäniň, habar beriş serişdeleriniň we biznesiň arabaglanyşygyna Jonson ýaly gowy düşünýän adam kän däl. Biz onuň TKO-nyň müdirler geňeşine goşulandygyna we kompaniýamyzy täze derejä çykarmaga kömek etjekdigine buýsanýarys” – diýip, guramanyň metbugat gullugy Makmeniň sözlerini getirýär.

Belläp geçsek, TKO Group Holdings, Inc 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda esaslandyryldy. Ol WWE (amerikan restling-promouşeni) bilen UFC-niň (Absolýut söweş çempionaty) birleşmeginiň netijesinde gurnaldy.
Ýatlap geçsek, Jonson 51 ýaşynda. Ol taryhda iň beýik restlerleriň biri hasaplanýar. Öň, ol WWE-de çykyş etdi.

şu gün 20:25
1.8k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

şu gün 20:19
2.5k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

şu gün 19:55
2.2k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

şu gün 16:49
1.3k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......