Samsung enjamlary derini sançmazdan gandaky şekeriň derejesini kesgitläp biler

  • 24.01.2024 18:02
  • 12k+

Geljekde «Samsung» kompaniýasynyň enjamlaryna gandaky şekeriň derejesini kesgitleýän monitor goşular. Bu barada «Bloomberg» «Samsung» kompaniýasynyň ykjam saglygy goraýyş bölüminiň başlygy Hon Paka salgylanyp habar berýär.

Hünärmeniň bellemegine görä, koreý korporasiýasy inwaziw däl glýukometri – derini sançmazdan, ganyň düzümindäki şekeriň derejesini seljermäge mümkinçilik berýän enjam döretmegi meýilleşdirýär. «Eger-de biz gan basyşyny we glýukozanyň derejesini yzygiderli ölçäp bilsek, onda «oýnuň» ykbalyny üýtgederis» diýip, Pak nygtady.
«Samsung» kompaniýasynyň ýolbaşçysynyň çaklamalaryna görä, inwaziw däl usulda glýukoza gözegçilik edýän enjam bäş ýylyň içinde ol ýa-da beýleki görnüşde bazara çykyp biler. Pak: «Biz miniatýurizasiýadan başlap, glýukozanyň derejesine ol ýa-da beýleki gözegçiligi ýa-da şolaryň aralygyndaky hyzmatlary edip biljek dürli tehnologiýa platformalaryna çenli ähli wariantlara seredýäris» diýip, belledi.
Şeýle hem Hon Park ulanyjylaryň adamlary aladalaryndan daşlaşdyrman, saglyk görkezijilerini seljerjek akylly enjam isleýändigini aýtdy. Şeýle hem ol «Samsung» kompaniýasynyň ýanwar aýynyň ortalarynda yglan eden «Galaxy Ring» enjamynda şuňa meňzeş funksiýalaryň girizilip bilinjekdigine degişli pikiri öňe sürdi.
«Bloomberg» «Samsung-yň» bäsdeşleriniň biri bolan «Apple-iň» hem inwaziw däl glýukometr döretmek mümkinçiligini öwrenýändigini aýtdy. 2021-nji ýylda amerikan kompaniýasynyň «Apple Watch» sagatlaryna şuňa meňzeş monitor goşjakdygy barada maglumatlar peýda bolupdy.


şu gün 09:54
2.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

25.05.2026 16:09
1.3k+

Oksfordyň alymlary Ebola wirusyna garşy täze sanjym taýýarlaýarlar

Oksford uniwersitetiniň alymlary dünýäniň iň wehimli wiruslarynyň biri bolan Ebola garşy täze waksina taýýarlaýarlar. Bu serişde ýakyn 2-3 aýyň dowamynda adamlarda synag edilip başlanylar....

21.05.2026 16:20
4.6k+

Towuk iýmindäki üzüm çigidiniň künjarasy jüýjeleri antibiotiksiz sagdyn ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berýär

Kornell uniwersitetiniň alymlary üzüm çigdiniň künjarasyny iýmit goşundysy hökmünde ulanmagyň, antibiotik ösüş stimulyatorlaryny ulanmazdan, sagdyn broýler towuklaryny ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik......

17.05.2026 23:19
1.7k+

Rus alymlary melanomanyň maksatly terapiýasy üçin plýonka döretdiler

ITMO uniwersitetiniň we Kant adyndaky Baltika federal uniwersitetiniň alymlary sagdyn öýjüklere zeper ýetirmezden, deri çişlerine garşy dermanlary maksatly goýbermek üçin material işläp düzdüler....