«Sewilýa» FK täze zehinleri Scout Adviser emeli aň guralynyň kömegi bilen gözläp başlar

  • 24.01.2024 17:46
  • 8.1k+

«IBM» amerikan tehnologiýalar kompaniýasy we Ispaniýanyň «Sewilýa» futbol kluby hyzmatdaşlyk barada ylalaşdylar. Onuň çäklerinde emeli aň bilen işleýän «Scout Adviser» guraly sport guramasynyň ygtyýarynda bolar. Bu barada «IBM-niň» resmi web sahypasynda habar berildi.

«Scout Adviser» «IBM Watsonx» emeli aň platformasyna esaslanýar we onuň işi topar üçin täze oýunçylary awtomatiki usulda gözlemäge gönükdirilendir. Neýtoulgam potensial oýunçylara baha bermek üçin maglumatlar bazalaryndaky maglumatlary seljermek üçin hasaplaýyş modellerini ulanýar.
Maglumatlar her bir türgeniň boýuny, agramyny, ylgaw tizligini, salan gollarynyň sanyny we meýdançada geçiren minutlaryny, şeýle hem oýunçylary saýlamak boýunça 200 müňden gowrak hasabatyň derňewini öz içine alýar.
«IBM» kompaniýasynda «Scout Adviser» guralynyň gözlenýän futbolçylaryň esasy aýratynlyklary barada görkezmeleri gaýtadan işleýändigini, soňra görkezilen talaplara esaslanyp dalaşgärleriň sanawyny döredýändigini aýtdylar.
«Sewilýa» FK UEFA Ýewropa ligasynda 2006, 2007, 2014, 2015, 2016 we 2020-nji ýyllarda alty gezek ýeňiji bolup, bu futbol ýaryşynda ýeňişleriň sany boýunça öňdebaryjy orny eýeleýär. Topar 2006-njy ýylda UEFA Superkubogyna hem mynasyp boldy.


düýn 13:40
6.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
10k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
13k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......