Şowsuz filmlere gowşurylýan «Altyn malina» baýragyna dalaşgärler yglan edildi

  • 24.01.2024 17:44
  • 8.2k+

Her ýylda şowsuz filmlere gowşurylýan 44-nji «Altyn malina» baýragyna dalaşgärler yglan edildi. Bu barada çäräniň resmi web sahypasynda habar berildi.

Skott Wonyň režissýorlyk eden «Saklap bolmaýanlar 4» filmi birbada ýedi ugurda dalaşgär görkezildi: «Iň erbet film», «Iň erbet režissýor», «Iň erbet ikinji derejeli aktýor», «Iň erbet ikinji derejeli aktrisa», «Iň erbet ekran dueti» we beýlekiler.
«Şeýtany kowujy: Dindar» we «Winni Puh: Gan we bal» filmleri hem bu baýraga dalaşgärlik boýunça öňdäki orunlary eýelediler – gorky filmleri bäş ugurda dalaşgär görkezildi. «Şazam! Taňrylaryň gazaby» we «Garynja adam we Ary: Kwantomaniýa» kinokomiksleri dört ugurda dalaşgär görkezildi.
«Iň erbet aktýor» baýragyna Jon Woýt, Win Dizel, Rassel Krou, Jeýson Steýtem we Kris Ewans hödürlendi. Şol ugur boýunça aktrisalaryň arasynda Ana de Armas, Jennifer Lopes, Helen Mirren, Megan Foks we Salma Haýek bellenildi.
Şowsuz filmlere gowşurylýan «Altyn malina» baýragynyň gowşurylyş dabarasy 9-njy martda geçiriler.

şu gün 10:49
419

Kwentin Tarantino bilen Silwestr Stallone köne Golliwud äheňli serial surata düşürerler

«Kwentin Tarantino bilen Silwestr Stallone alty bölümden ybarat täze serialyň üstünde işleýärler» diýip, TMZ neşiri habar berýär. Serialdaky wakalar 1930-njy ýyllardan habar berýär. Şol döwrüň ruhuny we ýakymyny doly bermek üçin, filmi ak-gara görnüşde we XX asyryň başlarynda ulanylan hakyky kameralarda surata düşürmek isleýärler...

şu gün 07:42
3k+

Kononenko resmi taýdan Ýuriý Gagarin adyndaky kosmonawtlary taýýarlaýyş merkeziniň başlygy wezipesine bellendi

Kosmonawt Oleg Kononenko Ýuriý Gagarin adyndaky kosmonawtlary taýýarlaýyş merkeziniň başlygy wezipesine bellendi. Bu barada “Roskosmos”-yň baş direktory Dmitriý Bakanow habar berdi. "Men işgärler baradaky möhüm karary yglan edýändigime begenýärin...

düýn 18:29
1.7k+

BTS-iň "Arirang" albomy Spotify-da 24 sagadyň dowamynda 110 million gezek diňlenildi

Günorta Koreýanyň BTS toparynyň "Arirang" albomy Spotify-da ilkinji 24 sagadyň dowamynda takmynan 110 million gezek diňlenildi. Bu barada Variety neşiri habar berýär. Bu çykyş 2026-njy ýylyň iň üstünlikli ilkinji striming albomy boldy we Garri Staýlsyň 63 million gezek diňlenilen "Kiss All the Time...

düýn 16:57
1.8k+

Kompaniýalar emeli aň modellerine duýgy bermek üçin aktýorlary işe alýarlar

Emeli aň ulgamynda işleýän öňdebaryjy kompaniýalar okuw maglumatlaryny döretmek üçin teatr we improwizasiýa aktýorlaryny işe çekip başladylar. Bu materiallar adamyň duýgularyny tanap bilýän we olary ýerine ýetirip bilýän modelleri kämilleşdirmek üçin ulanylýar...