Türkmenistandan 8 sany dzýudoçy Parižde geçjek "Uly tuwulga" ýaryşyna gatnaşar

  • 24.01.2024 15:19
  • 7.4k+

2 ― 4-nji fewralda Fransiýanyň Pariž şäherinde dzýudo boýunça «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Ýaryşa Türkmenistanyň dzýudo boýunça milli ýygyndysynyň agzalary hem gatnaşar. Ýaryş erkekleriň we zenanlaryň arasynda her haýsyndan 7 agram derejesinde 680 türgeniň gatnaşmagynda geçiriler.

Halkara Dzýudo federasiýasynyň resmi saýtynyň (IJF) habar berşi ýaly, Türkmenistan ýaryşa 8 türgen bilen gatnaşar.
Has takygy, ýurduň erkekler ýygyndysyna Aýbek Omirow (60 kilograma çenli agram derejesinde), Serdar Rahymow, Hekim Agamämmedow (ikisi hem 66 kilograma çenli agram derejesi), Mämmedaly Açyldyýew (90 kilograma çenli) we Baýmyrat Majanow (100 kilograma çenli) dagy wekilçilik eder.
Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynda bolsa Gurbanaý Gurbanowa (48 kilograma çenli), Maýsa Pardaýewa (57 kilograma çenli) we Zülhumar Daşgynowa (63 kilograma çenli) dagy ýaryşar.
Pariž ýaryşynyň baýrak gaznasy 154 müň ýewrodyr. Bu paýdan altyn medalyň eýeleri 5 müň, kümüş medalçylar 3 müň, bürünç medal gazanan türgenler bolsa 1,5 müň ýewro gazanar.


03.06.2026 17:49
3.6k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

02.06.2026 12:06
9.5k+

Futbol nebereleri: Zidanyň ogly DÇ-2026-da Alžiriň düzüminde oýnar, Ançelottiniň ogly bolsa «Lilliň» tälimçisi boldy

Alžiriň Futbol federasiýasy öňümizdäki dünýä birinjiligine gatnaşjak milli toparyň gutarnykly sanawyny mälim etdi. Bu sanawa Ispaniýanyň «Granada» klubunyň 28 ýaşly derwezeçisi, meşhur fransuz futbolçysy......

30.05.2026 08:45
8.1k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.3k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....