«Apple» akylly sagatlarynda ýene bir möhüm tehnologiýanyň ulanylmagy gadagan edilip bilner

  • 27.01.2024 11:17
  • 6k+

«Apple» kompaniýasy lukmançylyk enjamlaryny öndürýän «Masimo» kompaniýasy bilen patent boýunça kazyýet dawasynda ýeňilendigi sebäpli 2024-nji ýylyň önümçiligine degişli akylly sagatlarynda ukuda apnoe keselini ýüze çykarmak funksiýasy ulanylmaz. Bu barada insaýder we «Bloomberg» neşiriniň habarçysy Mark Gurman «Power On» habarlar býulleteninde habar berdi.

Geçen hepde Federal şikaýat kazyýeti «Apple» kompaniýasynyň ABŞ-nyň Halkara söwda komissiýasynyň (ITC) «Watch Series 9» we «Ultra 2» akylly sagatlaryny satmagy gadagan etmek çözgüdini ýatyrmak baradaky haýyşyny ret etdi. Bu çözgüt «Apple» kompaniýasynyň «Masimo» kompaniýasy bilen gandaky kislorodyň derejesini ölçemek tehnologiýasy boýunça patent dawasynda ýeňilenden soň kabul edildi. Şeýlelikde, «Apple» ähli täze akylly sagatlarynda pulsoksimetri öçürmäge mejbur boldy.
Emma bu mümkinçiligiň öçürilmeginiň «Apple» müşderileriniň hemmesini 2023-nji ýylda öndürilen sagatdan daşlaşdyrmaz diýlip hasaplanýar. Şeýle-de bolsa, «Masimo» kompaniýasyndan ýeňilmek korporasiýa üçin uly kynçylyklar döredýär.

«Birinjiden, bu örän utandyryjy ýagdaý. <…>. Ikinjiden, has möhümi, patent dawasynda ýeňilmek «Apple» üçin geljekki akylly sagatlarda başga funksiýalary girizmek meselesini döredýär» diýip, Gurman belledi.

Hususan-da, kompaniýanyň 2024-nji ýylyň önümçiligine degişli sagatlarda ukuda apnoe keselini ýüze çykarmak mümkinçiliginden ýüz öwrüp biljekdigi aýdylýar. Çünki apnoe keselini ýüze çykarmak gandaky kislorodyň derejesini ölçemek bilen baglanyşyklydyr. Ýagny, bu funksiýa üçin sagatda pulsoksimetr  ulanylmaly, ony bolsa «Apple-iň» ABŞ-nyň çäginde ulanmagy gadagan.


19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.8k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....