“Ýa titul söweşi, ýa-da iki esse gonorar”. Hamzat Çimaýew UFC talap bildirdi

  • 23.01.2024 23:57
  • 22k+

UFC-niň ýeňilmedik söweşijisi Hamzat Çimaýew Dana Uaýtyň promouşeninde titul söweşi barada ýene-de söz açdy. Hamzat titul söweşini gazanmak baradaky talaplaryndan diňe ep-esli gonorar alan ýagdaýynda ýüz öwürmäge taýýardygyny aýtdy. Bu barada championat.com belleýär.

“Eger olar maňa uly mukdarda pul berseler, maňa guşagyň geregi ýok. Men UFC 300-e taýýar, maňa habar etseňiz boldy” – diýip, Essentially Sports Çimaýewiň sözlerini getirýär.

Habar berlişi ýaly, Çimaýew UFC-ä talap bildirdi: ýa-ha titul söweşi, ýa-da iki esse gonorar.
Häzirki wagtda Çimaýewiň dalaş edýän orta agramda UFC titulyna Drikus dýu Plessi eýeçilik edýär.


26.06.2026 23:43
7.8k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

24.06.2026 18:18
5k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

22.06.2026 14:40
4.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
9.3k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......