Apple ýazda täzelenen iPad Air-i, iPad Pro-ny we MacBook Air-ni çykarar

  • 23.01.2024 18:46
  • 4.2k+

Apple iPad Air we iPad Pro planşet kompýuterleriniň täze wersiýalaryny, şeýle hem MacBook Air noutbugyny şu ýylyň mart ýa-da aprel aýlarynda çykarmagy meýilleşdirýär. Ondan soň kompaniýa iýun aýynda her ýyl geçirilýän işläp düzüjileriň WWDC konferensiýasynda hödürlemegi meýilleşdirýän tehnologiýalaryna ünsüni jemlär. Bu barada Bloomberg-iň žurnalisti Mark Gurman habar berdi diýip, MacRumors-a salgylanýan 3DNews ýazýar.

Çeşmeleriň berýän maglumatlaryna görä, iPad Air-niň indiki wersiýasy 10,9 we 12,9 dýuým ekranly wersiýalarda bolar. Enjamyň apparat binýady, modelleriň öňki nesilleri bilen deňeşdirilende, planşetiň öndürijiligini ýokarlandyrjak Apple M2 çipi bolar. Bulardan başga-da, işläp düzüjiler iPad Air-ni täze kamera bilen enjamlaşdyrarlar hem-de Wi-Fi 6E we Bluetooth 5.3 goldawyny hem ornaşdyrarlar. Enjamyň dizaýnynda düýpli üýtgeşmelere garaşylmaýar.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...