Gazagystan bir bitewi sagat guşaklygyna geçer

  • 23.01.2024 13:34
  • 14k+

1-nji martda Gazagystanda bitewi sagat guşaklygy giriziler. Bu barada ýurduň Söwda we integrasiýa ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

“Üýtgeşmelere laýyklykda, 2024-nji ýylyň 1-nji martynda sagat 00:00-dan başlap, ýurduň çäginde bitewi sagat guşaklygy girizilýär. Şeýlelikde, Gazagystan Respublikasynyň çäginde bäşinji sagat guşaklygy (UTC+5) ulanylar" diýip, habarda aýdylýar.

Häzirki wagtda Gazagystanda iki sagat guşaklygy - UTC+5 we UTC+6 ulanylýar. Ýurduň Günbatar sebitlerinden beýleki aglaba bölegi UTC+6 zolagynda ýerleşýär.
Şeýlelikde, 2024-nji ýylyň 29-njy fewralyndan 2024-nji ýylyň 1-nji martyna geçilýän gije sagat 00:00-da Astana, Almaty, Şymkent şäherlerinde, Akmolla, Almaty, Žambyl, Karaganda, Kostonaý, Pawlodar, Demirgazyk-Gazagystan, Türkistan, Gündogar-Gazagystan, Abaý, Žetysu we Ulytau oblastlarynda sagat dilleri bir sagat yza süýşüriler.
Gazagystanda wagty üýtgetmek meselesini öwrenmek boýunça barlag işleri 2020-nji ýyldan bäri alnyp barylýar. 2023-nji ýylda alymlaryň we bilermenleriň gatnaşmagynda ýörite iş topary döredildi.
Toparyň agzalarynyň pikirine görä, bitewi sagat guşaklygynda ýurduň sebitleriniň aglabasynda tebiga has ýakyn wagt ulanylar. Mundan başga-da, bitewi sagat guşaklygy ulaglaryň gatnaw tertibini utgaşdyrmagy gowulandyrmaga ýardam berer hem-de döwlet edaralarynyň we ýörite gulluklaryň özara hereketlerine oňyn täsirini ýetirer.


06.05.2026 09:48
5.3k+

Gazagystanda daşary ýurtly hünärmenler we maýadarlar üçin «Altyn wiza» giriziler

Gazagystanda daşary ýurtly ökde hünärmenler üçin ýurtda işlemegi we ýaşamagy aňsatlaşdyrjak ýörite «Altyn wiza» ulgamy dörediler. Bu barada ýurduň medeniýet we habar beriş ministri Aida Balaýewa mälim etdi....

23.04.2026 10:49
4.3k+

AHHG-niň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde möhüm resminamalara gol çekildi

Astanada geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde sebit we ekologiýa howpsuzlygy, Aral deňzini halas etmek we bu ugurda netijeli......

23.04.2026 10:45
4.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti Astanada Aral meselesi boýunça geçirilen mejlise gatnaşdy

22-nji aprelde Astanada geçirilen Sebitleýin ekologiýa sammitinden soň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň......

23.04.2026 10:39
3.2k+

Serdar Berdimuhamedow Sebitleýin ekologiýa sammitinde anyk başlangyçlary öňe sürdi

2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Astana şäheriniň Kongresler merkezinde «Durnukly geljek boýunça umumy garaýyş» atly Sebitleýin ekologiýa sammitiniň (RES 2026) plenar mejlisi geçirildi. Sammitiň gün tertibine......