Türkmen kompaniýalary Iran Expo sergisine gatnaşmaga çagyryldy

  • 23.01.2024 13:07
  • 4.2k+

Ýakynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy M.Gurdowyň duşuşygy geçirildi.

Söwda-senagat edarasynyň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşykda Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk ýörelgelerine esaslanýan söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk hem kämilleşdirmegiň we özara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. 
Myhman Türkmenistanyň hususyýetiçileriniň we önüm öndürijileriniň öndürýän harytlaryny Eýran Yslam Respublikasynyň bazarynda mahabatlandyrmak maksady bilen, ExpoIran atly halkara sergisine gatnaşmagyň mümkinçilikleri barada belläp geçdi. Şeýle hem duşuşygyň dowamynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran toparlarynyň mejlislerini yzygiderli geçirmek, serhetýaka welaýatlarynyň işewürleriniň arasynda çäreleri hem-de türkmen-eýran  sergi we ýarmarka çärelerini bilelikde guramak hakynda özara pikir alşyldy.

Sergini guramaçylaryň belgileri: Tel.: +9821-77247343
Elektron poçta: info@irantsn.com
Arza formasy: https://www.irantsn.com/en/Contact-Us


düýn 19:38
3.5k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......