"Arkadag" FK Türkiýede Ukrainanyň "Dnepr-1" topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer

  • 22.01.2024 15:20
  • 18k+

Türkmenistanyň çempiony, ýurduň Kubogynyň eýesi "Arkadag" futbol kluby ýanwar aýynyň ahyrynda Türkiýede okuw-türgenleşiklerine ugramagy meýilleşdirýär. Türkiýede klub täze möwsüme taýýarlygyň barşynda daşary ýurtly klublar bilen birnäçe ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirer diýip, Jankoyer internet-neşiri Sportarena.com portalyna salgylanyp habar berýär.

Maglumatlara görä, geçen möwsümde Türkmenistanyň çempionatynyň çempiony 10-njy fewralda Ukrainanyň ýokary ligasynda çykyş edýän "Dnepr-1" kluby bilen duşuşyp biler.
"Dnepr-1" Ukrainanyň çempionatynyň güýzki bölegini ikinji ýerde tamamlady. Ol diňe goşmaça görkezijiler babatda birinji ýerde barýan "Kriwbassdan" yza galdy. "Dnepr-1" ýaryş jedwelinde "Şahtýor" we Dinamo "Kiýew" klublaryndan hem ýokarda ýerleşýär.


düýn 14:15
9.5k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 17:52
4.5k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

22.06.2026 15:58
12k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

22.06.2026 13:42
5.7k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......