Türkmenistanyň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerine okuwa kabul etmegiň Tertibi çap edildi

  • 22.01.2024 14:50
  • 26k+

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerine 2024/2025 okuw ýylyna okuwa kabul etmegiň Tertibi çap edildi

1. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerine okuwa kabul etmek Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerinde okamaga isleg bildiren, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 8-nji synpyny tamamlan ýylynda 14-15 ýaşyny doldurýan, sagdyn pikirli, beden taýdan sagdyn ýetginjek erkek raýatlaryň arasynda geçirilýär.
2. Ýöriteleşdirilen harby mekdepleriň okuwynyň möhleti 4 okuw ýyly. Olarda okuwçylaryň okuw we harby terbiýeçilik sapaklary, gün tertibi, sapakdan daşary işleri, gündelik tabşyrykda gullugy alyp barmagy, şeýle hem beden taýýarlygy we çuňlaşdyrylan başlangyç harby taýýarlygy bilen baglanyşdyrylyp alnyp barylýar.
3. Ýöriteleşdirilen harby mekdepde okamaga isleg bildiren okuwçylar 2024-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli ýaşaýan ýerleri boýunça harby wekiliň adyna arza ýazýarlar. Arzanyň ýanyna şu resminamalar goşulýar:
1) ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň oglunyň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplere okuwa kabul edilmegi baradaky harby wekiliň adyna ýazan arzasy (eger ata-enesi ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlary Türkmenistanyň çäginde wagtlaýyn bolmadyk ýagdaýlarynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň ýerli edaralary tarapyndan berlen maglumat haty);
2) ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň şahsyýetini tassyklaýan resminamasynyň nusgasy;
3) bellenen nusgada doldurylan we harby wekillik tarapyndan tassyklanan sowalnama we terjimehal;
4) dogluş hakynda şahadatnamasynyň «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda tassyklanan nusgasy;
5) okaýan orta mekdebiniň 8-nji synpyndaky ýetişigi barada resminama (1, 2, 3 çärýeklerinden göçürme);
6) 6 sany 3x4, 4 sany 4x6, 2 sany 9x12 ölçegde, ýerli harby wekillik tarapyndan tassyklanan surat;
7) okaýan orta mekdebinden häsiýetnama;
8) okaýan orta mekdebindäki şahsy işiniň mekdep müdiriniň möhüri bilen tassyklanan nusgasy;
9) Ýöriteleşdirilen harby mekdepde okamaga saglyk ýagdaýynyň ýaramlydygyna kepil geçilen lukmançylyk güwä geçmesiniň kartasy (ýazgyda duran ýeri boýunça inçekesel we deri-wenerologik hassahanalaryndan hem-de neşekeşligiň, arakhorlugyň we ruhy keselleriň öňüni alyş merkezlerinden degişli kepilnama) hem-de saglyk ýagdaýynyň ýaramlydygyny kesgitleýän dalaşgäriň ýaşaýan ýeri boýunça lukmanlar toparynyň barlagyndan geçirilendigi baradaky kepilnamasy;
10) keselleriň öňüni alyş sanjymlarynyň kartasynyň (¹063/h görnüşli saglygy goraýyş resminamasynyň) göçürmesi;
11) ýaşaýan ýeri we maşgala ýagdaýy barada kepilnama;
12) eger dalaşgäriň ata-enesiniň öleni bar bolsa, onda ölüm hakyndaky şahadatnamasynyň «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda tassyklanan nusgasy.

4. Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerde okamaga isleg bildiren dalaşgärlerden Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 8-nji synpyna çenli okuw maksatnamasynyň çäklerinde dersler boýunça test ýumuşlaryny ýerine ýetirmek hem-de türkmen dili dersinden diktant kabul edilýär. Giriş synaglary türkmen dilinde geçirilýär.
5. Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerine okuwa kabul edilen okuwçylar umumy ýaşaýyş jaýy (ýatakhana), harby eginbaşlar we okuw serişdeleri bilen üpjün edilýär. Olara günde dört wagtyna nahar berilýär.

Kabul ediş topary.

Şeýle hem okap bilersiňiz:


düýn 09:53
1.9k+

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy 2026-njy ýylda geçiriljek sergileriň tertibini neşir etdi

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy 2026-njy ýylda ýurdumyzda geçiriljek halkara sergileriň tertibini neşir etdi. 10–12 fewral — Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi 17–19 mart — Türkmenistanyň...

23.12.2025 12:54
11k+

Oguljahan Atabaýewa Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglandy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory — wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewany «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly hem-de ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda resminamalara gol çekdi...

22.12.2025 22:51
10k+

Serdar Berdimuhamedow GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy

22-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde  «Döwlet Ermitaž Muzeýinde» Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl duşuşygyna gatnaşdy...

22.12.2025 22:24
9.6k+

Türkmenistanyň Prezidenti Sankt-Peterburgda «Ermitaž» muzeýine aýlanyp gördi

22-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlary bilen bilelikde «Döwlet Ermitaž Muzeýine» aýlanyp gördi...