Hytaýda polisiýanyň pilotsyz awtoulaglary köçelere gözegçilik edip başlady

  • 22.01.2024 13:26
  • 16k+

Ýanýan çyralar bilen enjamlaşdyrylan 15 sany öz-özüni dolandyrýan patrul awtoulagy Pekiniň Ýyçžuan şäherinde awtonom sürüşleriň görkezme meýdançasyndaky jemgyýetçilik ýollaryna çykdy. Ulaglar gije-gündiziň dowamynda polisiýanyň wezipelerini ýerine ýetirýär diýip, CGTN-e salgylanýan Ferra habar berýär.

Polisiýanyň pilotsyz ulaglary patrullyk etmek, iri çärelerde howpsuzlygy üpjün etmek, köpçülige bildirişleri, duýduryşlary ýetirmek we adatdan daşary ýagdaýlarda duýdurmak hem-de halas ediş işlerini geçirmek ýaly dürli meselelerde synagdan geçirilýär.
Pilotsyz patrul ulaglary 4-nji derejeli awtonom sürüş tehnologiýasy bilen enjamlaşdyrylan, batareýany 30 sekuntda üýtgedip we 100 km aralygy geçip biler.
Şeýle hem, ulaglar kesgitleýiş aralygy 120 metre çenli 360 graduslyk köp sensorly duýgurlyk ulgam bilen enjamlaşdyrylandyr. Bortdaky güýçli hasaplaýyş platformasy howpsuz sürmegi üpjün edip, hakyky wagtda ýol şertlerini göz öňünde tutmak bilen şoňa görä hereket edip biler.


13.06.2026 12:41
1.7k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

11.06.2026 23:52
8.7k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

07.06.2026 20:08
5k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

07.06.2026 19:44
1.2k+

Airbus-yň täze superkompýuteri uçarlary birnäçe sekuntda taslamaga mümkinçilik berer

Ýewropanyň uçar öndüriji ägirdi Airbus Tuluzada (Fransiýa) we Gamburgda (Germaniýa) täze paýlaşykly superkompýuter infrastrukturasyny ulanmaga berdi. Bu ulgam uçarlaryň we dikuçarlaryň wirtual taslamalaryny......