Bloomberg: Apple Vision Pro garniturasy lukmançylykda we bilimde mynasyp ornuny tapar

  • 22.01.2024 12:20
  • 2.1k+

Apple-iň Vision Pro giňeldilen hakykat garniturasy lukmançylykda, senagatda we bilimde peýdaly ulanylyp bilner. 3DNews -yň habaryna görä, garnituranyň işlenip taýýarlanyşyna jogapkär Maýk Rokwell bilen Alan Daýyň enjamy haýsy bazarda ulanyp boljakdygyny düşündirýän resminamasy Bloomberg-iň ygtyýaryna düşdi.

Rokwelliň sözlerine görä, saglygy goraýyş we bilim ulgamy Apple Vision Pro -ny netijeli ulanmak üçin esasy ugurlar bolup biler. Hususan-da, şeýle gural hirurglara operasiýa etmäge we şol bir wagtyň özünde näsagyň ýagdaýynyň esasy görkezijilerini görmäge mümkinçilik berer. Häzirki wagtda operasiýa wagtynda hirurglar ünsüni sowup, ýanyndaky monitorlara häli-şindi seretmäge we wagtyny gidirmäge mejbur bolýarlar. Giňeldilen hakykat tehnologiýasy bu şekilleri bir gözýetime birleşdirmäge mümkinçilik bererdi.
Garniturany ulanyp, enjamyň wirtual ekranynda işçiler üçin zerur görkezmeleri görkezip, çylşyrymly enjamlara hyzmat edilende abatlaýyş işlerini hem optimizirläp bolar. Bilim ulgamynda Vision Pro okuwçylara mazmuny has aňsat ýatda saklamaga kömek edýän täsirli, çuňňur mazmun döretmek üçin dürli mümkinçilikleri açýar.

"Biz oýunjak däl-de, gural hasaplanýan önüm döretmegi maksat edindik" –diýip Rokwell nygtady.


21.04.2026 15:36
6.8k+

Aýyň daşyndan aýlanyp gaýdan astronawt iPhone 17 Pro Max-da alnan «Ýeriň ýaşyşynyň» wideosyny paýlaşdy

Aýyň daşyndan aýlanyp gaýdan «Artemis II» missiýasynyň serkerdesi Rid Waýzman seýrek duş gelýän kosmos hadysasynyň — Ýer şarynyň Aýyň gözýetiminden ýaşyp barýan pursatynyň wideosyny paýlaşdy. Bu kadrlar......

22.03.2026 04:18
2.2k+

Apple operasion ulgamlarynyň täzelenmesini üýtgetdi hem-de könelen smartfonlar sanawynyň üstüni ýetirdi

Apple kompaniýasy howpsuzlyk täzelenmeleriniň täze formatyny — «Background Security Improvement» hödürledi, şeýle-de birnäçe köne enjamlary resmi taýdan könelen diýip yglan etdi. Täze mehanizm iOS, iPadOS we macOS ulgamlarynyň esasy täzelenmeleriniň arasynda kiçiräk düzedişleri gurnamaga mümkinçilik berýär...

10.03.2026 08:10
3.8k+

Apple 15 sany enjamynyň önümçiligini ýatyrýar

Apple kompaniýasy geçen hepde 10 sany täze enjamyny tanyşdyrmak bilen bir hatarda, ozal öndürilýän 15 sany önüminiň çykarylmagyny bes edýändigini-de yglan etdi. Täzelikleriň arasynda iPhone 17e smartfony, M4 prosessorly...

05.03.2026 06:56
1.5k+

Apple iň elýeterli MacBook-yny hödürledi: onuň bahasy 600 dollardan başlanýar

4-nji martda Apple kompaniýasy özüniň iň elýeterli noutbugy bolan MacBook Neo-ny tanyşdyrdy. Modeliň bahasy 599 dollardan başlanýar. Bilim ulgamyndaky alyjylar üçin bolsa arzanladyşly baha — 499 dollar bellenildi...