Türkmenistan Tunisde geçirilen mediamaslahata gatnaşdy

  • 22.01.2024 13:02
  • 2.4k+

Türkmenistanyň wekiliýeti “KHBS emeli aň döwründe: mümkinçilikler we kynçylyklar” temasyna bagyşlanan Üçünji media maslahatyna gatnaşdy. Arap döwletleriniň radiogepleşikler birleşigi (ASBU) tarapyndan gurnalan forum Tunisde geçirildi diýip, Halkara Habarlar portaly habar berýär.

Ýokary wezipeli adamlar we pudak hünärmenleri emeli aňyň media aragatnaşyk pudagynda tutýan ornuny ara alyp maslahatlaşdylar. Emeli aňyň mazmun döretmek, tejribeleri şahsylaşdyrmak we ilkinji nobatda, köp mukdardaky maglumatlary seljermek üçin media pudagynda giňden ulanylýandygy we munuň hem gizlinlik meselesini has wajyplaşdyrýandygy bellenildi.
ASBU-nyň prezidenti bu maslahatyň emeli aň tarapyndan döredilýän maglumatlaryň anyklygyny we ygtybarlylygyny üpjün etmek ýaly birnäçe meseläni ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berýändigini aýtdy.
Şeýle-de, media mazmuny döretmek üçin emeli aňyň ulanylmagy bilen baglanyşykly meselelere hem-de bu tehnologiýanyň media pudagynda döredýän mümkinçiliklerine seredildi.


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......