Türkmen türgenleri kýokuşinkaý-karate boýunça Aziýanyň açyk çempionatynda ýeňiş gazandylar

  • 20.01.2024 16:42
  • 8.9k+

Türkmenistanyň Kýokuşinkaý karate boýunça milli merkeziniň türgenleri Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçen Aziýanyň açyk çempionatynyň (Kyokushin АIKO Asian Open Championship) ýeňijileri boldular. Bu barada «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetinda habar berildi.   

Bäsleşige ýapon söweş sungatynyň türkmenistanly ussatlarynyň ikisi gatnaşdy.
Ýazmuhammet Aşyrmyradow ýokary derejeli ýaryşyň 80 kilogram agram derejesindäki bäsleşiginde altyn medal gazandy. Myrat Ekäýew bolsa 90 kilogramdan ýokary agramda altyn medala mynasyp boldy. Olar milli çempionatlarda, dürli sebitleýin we halkara ýaryşlarda birnäçe gezek ýeňiji bolan hem-de baýraklara eýe çykan türgenlerdir.

Kýokuşinkaý karate — 1950-nji ýylda Ýaponiýada karate ussady Masutasu Oýama tarapyndan döredilen söweş sungatydyr. Onuň «Kýokuşinkaý» diýen ady  türkmen diline terjime edilende «güýçli ýumruk mekdebi» diýmegi aňladýar. Adyndan hem belli bolşy ýaly, bu ugruň düýp manysy fiziki güýçde, tehnikada we ruhy ösüşe üns bermekde jemlenýär.


14.05.2026 15:38
2.3k+

Gandinagarda geçirilýän Aziýa çempionaty — 2026-da alty türkmen ştangaçysy çykyş eder

Hindistanyň Gandinagar şäherinde başlan agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty — 2026-da Türkmenistana alty sany türgen wekilçilik eder....

21.04.2026 20:58
5.7k+

Türkmen ýaşlary Rumyniýadaky erkin we grek-rim göreşi boýunça ýaryşda uly üstünlik gazandy

2026-njy ýylyň 16–19-njy apreli aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde 17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen «Konstantin Aleksandru we Ioan Popowiç» adyndaky halkara ýaryşynda türkmen türgenleri uly......

17.04.2026 09:31
23k+

«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy....

15.04.2026 07:29
6.8k+

Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Alp Arslan Begenjow 86 kg çenli agram derejesinde erkin göreş boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda üçünji orny eýeledi....