X sosial ulgamy Android-yň ulanyjylary üçin ses we wideo çagyryş aýratynlygyny hödürleýär

  • 20.01.2024 14:48
  • 3.4k+

X sosial ulgamynyň (öňki Twitter) Android programmasynyň indiki täzelenmesi bilen ulanyjylar ses we wideo jaňlaryny edip bilerler. Bu barada X-iň agzalan aýratynlyklary durmuşa geçirmegiň üstünde işleýän inženerleriniň arasyndaky çeşmä salgylanyp, TechCrunch habar berýär diýip, 3DNews habar berýär.

X-iň ýolbaşçylygy wideo çagyryş aýratynlyklarynyň platformada peýda boljakdygyny geçen ýylyň awgust aýynda yglan edipdi we oktýabr aýynda bolsa ol iOS-yň sosial ulgam programmasyny ulanýanlar üçin elýeterli bolupdy. Şonda X-iň islendik ulanyjysynyň jaňy alyp biljekdigini, ýöne jaň etmäge diňe tölegli abonentleriň mümkinçiliginiň boljakdygyny bellemelidiris.
Ulanyjylar gizlinlik we howpsuzlyk sazlamalarynda ses we wideo jaňlaryny işledip ýa-da öçürip bilerler. Olara jaň edip biljek adamlaryň sanawyny çäklendirmek hem mümkindir.
X sarp edijileriň ünsüni özüne çekip biljek täze aýratynlyklary goşmagyny dowam etdirýär. Şeýlelik bilen, şu ýyl platformanyň, sosial ulgam ýaly Ilon Mask-a degişli xAI kompaniýasynyň emeli aňyna esaslanýan aýratynlyklarynyň boljakdygy belli boldy.


16.06.2026 23:19
2.2k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

26.05.2026 15:58
2.1k+

Ýewropada TikTok we X bilen bäsleşjek botsuz we galp hasapsyz täze sosial ulgamlar işe girizilýär

Ýewropada täze sosial ulgamlar peýda bolup, özlerini TikTok-a, X-e we Instagram-a alternatiwa hökmünde görkezýärler. Taslamalary işläp düzüjiler maglumatlary goramaga, botlara garşy göreşmäge hem-de amerikan......

05.03.2026 23:37
2.3k+

Ilon Maskyň emeli aň guraly indi wideolary 30 sekunda çenli uzaldyp bilýär

Ilon Mask wideolary döretmek mümkinçiliklerini has-da giňeldýän "Grok Imagine" hyzmatynyň täzelenmesini tassyklady. Ol X platformasyndaky @XFreeze ulanyjysynyň "Frame Extend" funksiýasyna bagyşlanan habaryny paýlaşmak arkaly bu täzeligi tassyklady...

04.03.2026 16:52
2k+

X-de ulanyjy işjeňliginiň rekordy hasaba alyndy: 2-nji martda ol iň ýokary derejesine ýetdi

X sosial ulgamy (öňki Twitter) ulanyjylaryň gündelik işjeňligi boýunça täze rekord goýdy. 2026-njy ýylyň 2-nji martynda bu hyzmat özüniň bütin taryhyndaky iň ýokary işjeňlik derejesini görkezdi. Mundan öň, 1-nji martda, hyzmatyň ýolbaşçylarynyň biri Nikita Bir (Nikita Bier): «Şu gün — taryhdaky iň uly gün» diýip mälim etdi...