Türkmen türgenleri Parižde XXXIII Tomusky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görýärler

  • 19.01.2024 22:44
  • 6.4k+

Şu ýylda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII Tomusky Olimpiýa we XVII Tomusky Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň ýygyndy toparlaryny taýýarlamak boýunça işler dowam etdiriler. Bu barada wise-premýer N.Amannepesow 19-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi.

Wise-premýer şeýle hem ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň 2024-nji ýyl üçin taýýarlanan iş meýilnamalary barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, bu meýilnamalar Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyryklaryna we döwrüň talaplaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy. Meýilnamalara laýyklykda, ylymly-bilimli nesli terbiýelemäge, okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny kämilleşdirmäge, okuw kitaplaryny mazmun taýdan baýlaşdyrmaga, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge gönükdirilen özgertmeler dowam etdiriler.
Bedenterbiýäni, sporty we olimpia hereketini ösdürmäge, ussat türgenleri taýýarlamaga, ýaşlarymyzyň sagdyn, berk bedenli bolmagyny, sport bilen meşgullanmaklaryny gazanmaga mundan beýläk-de aýratyn ähmiýet berler.


düýn 12:06
6.7k+

Futbol nebereleri: Zidanyň ogly DÇ-2026-da Alžiriň düzüminde oýnar, Ançelottiniň ogly bolsa «Lilliň» tälimçisi boldy

Alžiriň Futbol federasiýasy öňümizdäki dünýä birinjiligine gatnaşjak milli toparyň gutarnykly sanawyny mälim etdi. Bu sanawa Ispaniýanyň «Granada» klubunyň 28 ýaşly derwezeçisi, meşhur fransuz futbolçysy......

30.05.2026 08:45
8k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.2k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....

25.05.2026 15:19
2.7k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......