Türkmenistanda 2024-nji ýylda maýa goýumlar haýsy taslamalara gönükdiriler?

  • 19.01.2024 21:56
  • 9.6k+

19-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedow Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasynyň taslamasy barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu taslama degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri bilen bilelikde işlenip taýýarlanyldy.
Onuň çäklerinde möhüm we giň gerimli taslamalaryň ençemesini, şol sanda halkara we sebit ähmiýetine eýe bolan Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň, Balkan welaýatynda täze howa menziliniň, kuwwatlylygy 1574 MWt bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň, “Aşgabat – Türkmenabat” halkara derejeli ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň, Garabogaz köl aýlagynyň üstünden geçýän köpriniň gurluşygynyň taslamalaryny durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem Merkezi Aziýa sebitinde iri taslamalaryň biri bolan Arkadag “akylly” şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşyklary dowam etdiriler.
Ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, maýa goýumlary durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň, saglygy goraýyş desgalarynyň, bilim ulgamyna degişli orta mekdepleriň we çagalar baglarynyň, awtomobil ýollarynyň, suw, gaz, elektrik geçirijileriniň we aragatnaşyk ulgamlarynyň, şeýle hem suw arassalaýjy desgalaryň gurluşygyna gönükdiriler.
Maýa goýum maksatnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegini gazanmak zerurdyr diýip, Serdar Berdimuhamedow aýtdy we wise-premýere Maksatnamanyň taslamasyna ýene-de bir gezek seretmegi tabşyrdy.


düýn 20:55
1.7k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......