BMG-niň Baş sekretary hökümetleri we biznesi emeli aň töwekgelçiliklerini azaltmaga çagyrdy

  • 19.01.2024 14:22
  • 6k+

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş hökümetleri we tehnologiýa kompaniýalaryny emeli aňyň döredýän töwekgelçiliklerine bilelikde gözegçilik etmäge we azaltmaga çagyrdy. Bu barada RIA Nowosti agentligine salgylanyp, sputnik.kz habar berýär.

“Bize hökümetleriň tehnologiýa kompaniýalary bilen emeli aňyň häzirki ösüşinden ýüze çykýan töwekgelçilikleri dolandyryş mehanizminiň, şeýle-de geljekki (bolup biljek) zyýany gözegçilikde saklamagyň we gowşatmagyň üstünde gyssagly işläp başlamagy gerek” – diýip, Baş sekretar belleýär.

Dawosda geçirilen Bütindünýä ykdysady forumynda çykyş etmek bilen, Guterriş kompaniýalary emeli aňy dolandyrmagyň “baglanyşykly we uýgunlaşdyrylan modelini” işläp taýýarlamak boýunça köptaraplaýyn tagallalara işjeň gatnaşmaga çagyrdy.
Onuň pikiriçe, BMG bu meselede birleşdiriji roly ýerine ýetirmeli.
Guterriş BMG-niň emeli aň meselesi boýunça konsultatiw edarasynyň bu tehnologiýany dolandyrmak boýunça deslapky maslahatlary eýýäm berendigini hem-de olaryň tehnologiýanyň artykmaçlyklaryndan peýdalanmaga we şol bir wagtyň özünde onuň döredýän töwekgelçiliklerini azaltmaga mümkinçilik berjekdigini belledi.

“Bize ösüp barýan ykdysadyýetleriň onuň uly potensialyndan peýdalanmagy üçin emeli aňa elýeterliligi giňeltmek boýunça yzygiderli tagallalar gerek. Bize sanly deňsizligi güýçlendirmek däl-de, ýeňip geçmek gerek” – diýip, Guterriş sözüniň üstüni ýetirdi.


19.06.2026 19:47
1k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

05.06.2026 18:04
5.7k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

30.05.2026 13:39
1.6k+

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete täsirini öwrenmek üçin 250 million dollar maýa goýar

OpenAI Foundation täjirçilik däl guramasy emeli aňyň ykdysadyýete täsirini öwrenmek üçin 250 million dollar maýa goýýandygyny yglan etdi....

22.05.2026 14:19
2.1k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....