Nokia ýakyn wagtda smartfon bazaryndan gider

  • 18.01.2024 17:54
  • 15k+

2024-nji ýylyň 1-nji fewralyndan başlap, «Nokia-nyň» resmi web sahypasyndan smartfonlar bölümi aýrylar, häzirki wagtda onda «HMD Global» kompaniýasynyň «Nokia» brendi astynda çykýan enjamlary hödürlenýär. 2026-njy ýyldan başlap, «HMD Global» «Nokia» smartfonlaryny satmagy düýbünden bes eder. Bu barada gazeta.ru «ITHome» neşirine salgylanyp habar berýär.

«Nokia-nyň» resmi web sahypasyndaky smartfonlar bölümi eýýäm resmi taýdan ýapyldy. Şeýle-de bolsa, ol henizem nokia.com/phones salgysy arkaly elýeterlidir. Ol hem 1-nji fewralda ýapylar. «HMD Global» bu üýtgeşmäniň «brendi özgertmek meýilnamasynyň» bir bölegidigini aýtdy.
Şeýle hem «HMD Global» hiç hili bildiriş bermezden hmd.com web sahypasyny işe girizdi. Kompaniýa ýakyn wagtda onda «Nokia» smartfonlarynyň sahypalarynyň, şeýle hem «HMD Global» kompaniýasynyň we onuň hyzmatdaşlarynyň öndürýän enjamlarynyň peýda boljakdygyny belledi. Kompaniýa 2025-nji ýyldan soň «Nokia» brendi astynda täze enjamlary öndürmegi we satmagy bes eder.
«HMD Global» 2015-nji ýylda döredilen fin kompaniýasydyr. 2016-njy ýylda kompaniýa ykjam telefon önümçiligini «Nokia-dan» satyn aldy we olary meşhur brend astynda işläp düzmegi hem-de satmagy dowam etdirdi.


15.04.2025 12:54
4.5k+

HMD Global Nokia-nyň düwmeli telefonlaryny dikeldýär

HMD Global Nokia brendi astynda täze düwmeli telefonlar hataryny çykarmaga taýýarlanýar. Bu kompaniýanyň fin brendi bilen baglaşan ygtyýarnama şertnamasynyň 2026-njy ýylda tamamlanmazyndan öň bolup geçer. Bu barada «GizmoChina» neşiri habar...

13.03.2025 09:27
3.4k+

Hyzmat ediş çäginden daşda: Nokia Aýdan ilkinji telefon jaňyny edip bilmedi

Finlýandiýanyň Nokia kompaniýasy Aýdan ilkinji telefon jaňyny amala aşyrmak synanyşygynyň şowsuz bolandygyny habar berdi. Munuň üçin zerur enjamlar Intuitive Machines kompaniýasynyň IM2 missiýasy bilen Athena gonuş...

22.01.2025 17:51
6.1k+

Nokia öz telefonlarynyň we işläp taýýarlamalarynyň sanly muzeýini işe girizdi

Nokia öz telefonlaryna we işläp taýýarlaýyşlaryna bagyşlanan renderleri, suratlary we wideomateriallary öz içine alýan ýüzlerçe eksponatly onlaýn arhiwini işe girizdi diýip, Wired habar berýär. Nokia Design Archive...

16.01.2025 13:55
4.7k+

Köne Nokia-lardaky «Ýylan» oýny dünýäde iň kiçi göwrümli oýun boldy: ony 56 baýta sygdyrdylar

Donno2048 lakamy bilen tanalýan işläp düzüji 1998-nji ýylda Nokia 6110 telefony üçin döredilen meşhur «Змейка» (Ýylan) oýnunyň minimalistik görnüşini taýýarlady. Programmanyň umumy göwrümi bary-ýogy 56 baýt bolup...