Türkmenistanyň ilçisi Kataryň paýtagtyndaky Education City merkezine baryp gördi

  • 17.01.2024 17:53
  • 13k+

Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow Doha şäheriniň, şol sanda ýurduň iň iri ylym-bilim toplumy bolan Bilim şäherine (Education City) baryp gördi we bu ýerde toplumyň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Katardaky ilçihanasy habar berdi.

Taraplar özara gyzyklanma bildirilýän bilelikdäki çäreleri, şol sanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäreleri guramagyň meselelerini maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen diplomaty ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk meselelerini hem maslahatlaşdy.
Gepleşiklerden soň, türkmen ilçisi jemi 12 inedördül kilometrde ýerleşýän Bilim şäheriniň desgalary bilen ýakyndan tanyş boldy. Bu ýerde 8 sany halkara derejeli uniwersitetleriň binalar toplumlary ýerleşýär.


düýn 16:07
1.9k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....