YouTube mahabat bloklaýjylary ulanýanlarda bilkastlaýyn haýalladylmakda aýyplandylar. Google muny ret etdi

  • 17.01.2024 15:20
  • 5.6k+

Reddit-iň birnäçe ulanyjysy YouTube-da mahabat bloklaýjylary açyk ulanyjylar üçin ähli sahypanyň haýalladylyp başlanandygyny habar berdi, ýöne Google bu maglumatlaryň dogry däldigini aýtdy. IXBT.com-yň habar bermegine görä, görlüp oturylsa , diňe AdBlock-yň we AdBlock Plus-yň ulanyjylary kynçylyk çekýän eken.

Google ulanyjylaryň YouTube platformasynyň haýallamagy baradaky habarlarynyň kompaniýanyň mahabat bloklaýjylaryny ýüze çykarmak boýunça tagallalary bilen baglanyşykly däldigini aýtdy.
Ulanylýan mahabat bloklaýjy öçürilen dessine sahypanyň derrew janlanýandygy bellendi. Bu meseläniň başga bir çözgüdi wideo hyzmatynyň premium wersiýasyna geçmekdir.
YouTube-da barha artýan mahabatyň ýygylygyna garşy göreşmek üçin adamlar köpden bäri mahabat bloklaýjylaryny ulanýarlar. Wideo platformasynyň öz pikirine görä, mahabatdan aýlanyp geçmegiň bu usuly hyzmat şertleriniň bozulmagy hasaplanýar. Ýakynda YouTube mahabat bloklaýjylaryny ulanmagy birnäçe usul bilen gadagan edip başlady. Birinjisi, "Mahabat bloklaýjylary YouTube-nyň Hyzmat şertlerini bozýar" diýip açylýan habar. Soňra habarda mahabat bloklaýjyny  öçürmek  soralýar. Ulanyja şonsuz görmegi dowam etmäge rugsat berilmeýär. 


düýn 19:53
1.9k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

14.06.2026 14:07
3.9k+

MrBeast YouTube-da agzalary 500 milliona ýeten ilkinji bloger boldy

Jimmi «MrBeast» Donaldson YouTube platformasynda 500 million yzarlaýjy görkezijisine ýeten ilkinji bloger boldy. Ol bu pursaty platformada göni ýaýlymda görkezdi....

11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......