Ngannu bilen Joşuanyň arasyndaky söweşiň senesi belli boldy

  • 16.01.2024 13:58
  • 12k+

Agyr agramda Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) öňki çempiony fransiýaly Frensis Ngannu bilen boks boýunça öňki dünýä çempiony britaniýaly agyr agramly söweşiji Entoni Joşuanyň arasyndaky söweş 8-nji martda Er-Riýadda geçiriler. Bu barada X sosial ulgamyndaky DAZN Boxing sahypasynda habar berilýär.

Boks agşamynyň senesi duşenbe güni bu söweşe bagyşlanylyp geçirilen metbugat maslahatynda yglan edildi.
34 ýaşly Joşuanyň hasabynda 27 ýeňiş (24-üsi nokaut bilen) bilen üç ýeňliş bar. Ol Halkara boks federasiýasynyň (IBF), Bütindünýä boks assosiasiýasynyň (WBA), Bütindünýä boks guramasynyň (WBO) we Halkara boks guramasynyň (IBO) çempion guşaklaryna eýeçilik etdi.
Ngannu 37 ýaşynda, ol MMA-da 17 ýeňiş gazandy, üç gezek ýeňildi. Ol täze şertnama bilen bagly düşünişmezlikler sebäpli çempion statusynda UFC-ni terk etdi.
2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Ngannu britaniýaly Taýson Fýuri bilen 10 raundlyk söweş geçirdi we ol emin agzalarynyň tapawutly karary bilen Bütindünýä boks geňeşiniň (WBC) garaýşy boýunça häzirki dünýä çempionynyň ýeňşi bilen tamamlandy.


18.06.2026 22:41
8.5k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......

17.06.2026 17:46
14k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

16.06.2026 08:32
13k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

15.06.2026 15:55
10k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......