Reuters: 2023-nji ýylda elektrik ulaglarynyň global satuwy 31% ösdi

  • 15.01.2024 17:39
  • 4.6k+

Geçen ýyl dünýäde elektrik ulaglarynyň satuwy 31 göterim ýokarlanyp, 13,6 million boldy. Bu barada TASS Reuters habarlar gullugyna salgylanyp habar berdi.

Rho Motion iňlis konsalting kompaniýasynyň habaryna görä, bir ýyl mundan öň, 2022-nji ýylda elektrik ulaglarynyň satuwy 60% ösdi, bu bolsa ösüş depgininiň haýallandygyny görkezýär.
Rho Motion-yň maglumat dolandyryjysy Çarlz Lester: "Şuňa meňzeş ösýän bazarlarda bu garaşaýmaly ýagdaý. Her ýyl görkezijini iki esse artdyryp biläýmersiňiz" – diýip düşündirdi. Şol bir wagtyň özünde, dekabrda 1,5 million elektrik awtoulagy satylyp, aýlyk rekord goýlandygyny aýtdy.
Lesteriň sözlerine görä, 2023-nji ýylyň görkezijileri kompaniýanyň deslapky tamalaryna laýyk gelýär. Hünärmenler 2024-nji ýylda ösüş 25% bilen 30% aralygynda bolar diýip çaklaýarlar.
Rho Motion 2023-nji ýylda 9,5 million doly elektrikli awtoulag satyldy, galany gibrid ulaglaryň paýyna düşdi diýip belleýär. ABŞ-da we Kanadada doly elektrikli awtoulaglaryň satuwy 50%, Ýewropada 27%, Hytaýda 15% ýokarlandy.


29.05.2026 23:38
3.4k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.6k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.6k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......