Dünýädäki iň beýik ikinji bina resmi taýdan açyldy

  • 15.01.2024 15:41
  • 29k+

Malaýziýanyň Ýokary hökümdary (Ýang di-Pertuan Agong) Abdulla II Kuala-Lumpurda başy gökdirän Merdeka 118 binasynyň açylyş dabarasyny geçirdi. Ol Dubaýdaky Burj Halifadan soň dünýädäki ikinji iň beýik bina boldy. Onuň beýikligi 678,9 metre barabar diýip, naked-science.ru habar berýär.

Öň Menara Warisan Merdeka hökmünde belli bolan Merdeka 118 binasynyň gurluşygy 2014-nji ýylda başlandy. 
Taslama Fender Katsalidis we RSP Architects Planners & Engineers binagärlik kompaniýalary tarapyndan işlenip düzüldi, baş potratçy hökmünde Koreýanyň Samsung C&T korporasiýasy çykyş etdi. Binanyň adyndaky 118 belgi onda 118 gatyň bardygyny görkezýär.
Resmi açylyşyna garamazdan, heniz başy gökdirän bina ideal ýagdaýa getirilmedi: onuň ýokarky bölegindäki Hyatt myhmanhanasy 2024-nji ýylyň ikinji çärýeginde, syn ediş meýdançasy bolsa diňe dördünji çärýekde açylar.


09.03.2026 19:56
16k+

42 dişini görkezip ýylgyrýan malaýziýaly ýigit Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Malaýziýaly inžener Pratab Muniandi özüniň üýtgeşik ýylgyryşy we agzyndaky 42 sany dişi bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girmegi başardy. 33 ýaşly malaý ýigidiniň dişleri adaty adamlara mahsus bolan 32 dişden 10 sany köpdür...

20.02.2025 00:08
2.7k+

Huawei Kuala-Lumpurda flagman gurluşlarynyň global tanyşdyrylyşyny geçirdi

18-nji fewralda Kuala-Lumpurda Huawei Consumer Business 2025 tanyşdyrylyş çäresi geçirildi. Hytaý kompaniýasy bu çärede dört sany täze gurluşyny hödürledi: üç eplenýän smartfon Huawei Mate XT Ultimate, täze planşet...

19.02.2025 23:47
2.3k+

Huawei kompaniýasy Huawei Mate XT Ultimate smartfonynyň global wersiýasyny hödürledi

18-nji fewralda Kuala-Lumpurda Huawei Consumer Business 2025 çäresi geçirildi we onda hytaý kompaniýasy dört sany täze gurluşyny hödürledi: üç eplenýän smartfon, planşet, nauşnik we fitnes-bilezik. Tanyşdyrylyş...

08.02.2025 11:12
11k+

Hemmeden köp aglady we $150 gazandy: Malaýziýada aglamak bäsleşigi geçirildi

Malaýziýanyň Kelantan ştatynda «kim has gowy aglaýar» bäsleşigi geçirildi. Bäsleşigiň ýeňijisi Wakaf-Baru şäherçesinden gelen erkek adam boldy we oňa ýeňiş gazanan hökmünde 150 dollar pul baýragy berildi diýip...