Kianu Riwz ilkinji fantastiki romanyny çykarar

  • 15.01.2024 09:01
  • 4.6k+

Aktýor Kianu Riwz we «Ýitirilen düýşleriň demirýol menzili», «Ýara yzy» we «Relsler» atly kitaplary bilen tanalýan ýazyjysy-fantast Çaýna Mýewil «Başga bir ýeriň kitaby» (The Book of Elsewhere) atly bilelikdäki romany çykararlar. Bu barada mail.ru «Deadline» neşirine salgylanyp habar berýär. Kitap 23-nji iýulda çykar.

Bu roman ýazyjy Mett Kindt we grafikaçy-suratkeş Ron Garni bilen bilelikde Riwz tarapyndan döredilen «BRZRKR» komiksler älemine esaslanyp dörediler. Hekaýanyň baş gahrymany – müňlerçe ýyl bäri üçin ölmezliginden halas bolmagyň açaryny tapmaga synanyşýan söweşiji. «BRZRKR-nyň» ilkinji sany täze çykan komiksleriň arasynda soňky 25 ýylda iň köp satylan nusga boldy. Riwz üçin «Başga bir ýeriň kitaby» onuň ilkinji çeper romany bolar.

«Käwagt iň gowy oýunlar – başgalarynyň oýunjaklary bilen oýnaýan oýunlaryňyzdyr. Kianu meni oýnamaga çagyranda bu meniň üçin uly hormat boldy, özünde geň galmak we begenç duýgusyny döretdi. Men onuň döretmek üçin örän köp wagt sarp eden «oýnawaçlary» babatda beýle jomart boljakdygy, bilelikde synag etmäge şeýle şat boljakdygy, hakyky hyzmatdaşlyga açykdygy barada pikir hem etmändim. Okyjylaryň romanymyzy okanlarynda meniň ony ýazanymda başdan geçiren lezzetli duýgularymyň iň bolmanda bir bölegini alarlar diýip umyt edýärin» diýip, Çaýna Mýewil gürrüň berdi.

düýn 20:14
2.2k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
914

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
3.8k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.3k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......