2023-nji ýylda TNGIZT-de 4,5 million tonnadan gowrak nebit gaýtadan işlenildi

  • 15.01.2024 08:49
  • 6.6k+

“Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy (TNGIZT) 2023-nji ýylda 4 504 557 tonna “gara altyny” gaýtadan işledi.

Toplumda 1 395 602 tonna benzin, 428 867 tonna kerosin, 1 390 095 tonna dizel ýangyjy, 63 563 tonna polipropilen, 102 923 tonna suwuklandyrylan gaz hem-de 57 000 tonna çalgy ýagy öndürildi.
Zawodyň infrastrukturasy gaz turbinaly elektrik bekedini, deňiz suwuny süýjediji enjamlary, bug generatorlaryny, ulanyşdan soňky suwlary sowadyjylary, nasos beketlerini, goşmaça duralgalary, elektrik stansiýalary we beýleki kömekçi desgalary özünde jemleýär.
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän ýokary hilli nebit önümleri Ýewropa, Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlaryna eksport edilýär.


14.01.2026 11:30
3.4k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...

27.12.2025 13:07
10k+

2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyry başlanar

2026-njy ýylyň başynda Hytaýyň CNPC nebitgaz korporasiýasy Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga girişer. Bu barada "Nebit-Gaz" elektron neşiri habar berýär...

12.12.2025 16:33
5k+

Uzynada käninde birbada üç sany guýy ulanyşa girizildi

"Türkmennebit" döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň zähmet toparlary Hazar deňziniň kenarýaka zolagynda ýerleşýän Uzynada käninde birbada üç sany guýynyň gazuw işlerini üstünlikli tamamlap, ulanyşa tabşyrdylar...

29.11.2025 09:51
4.1k+

Türkmenistanda “Uzynada” känindäki täze guýudan gazkondensat akymy alyndy

Türkmenistanda “Uzynada” käninde täze burawlanan ulanyş guýularynda geçirilen işleriň netijesinde gazkondensat akymy alyndy. Bu barada anna güni Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow habar berdi.  Bellenilişi ýaly, ol guýy umumy nebit geçiriji ulgama birikdirilip, uglewodorod çig malynyň goşmaça möçberi kabul edilip başlandy...