Holand ýanwar aýynyň ahyryna çenli “Mançester Sitide” çykyş edip bilmez

  • 14.01.2024 21:58
  • 8.7k+

“Mançester Sitiniň” norwegiýaly futbolçysy Erling Holand umumy topara ýanwar aýynyň ahyrynda gaýdyp gelmeli. Bu barada klubuň baş tälimçisi Hosep Gwardiola aýtdy diýip, rsport.ria.ru habar berýär.

Holand dekabr aýynyň başyndan bäri meýdança çykmady. Şenbe güni “Mançester Siti” Angliýanyň çempionatynyň 21-nji tapgyrynda “Nýukasl Ýunaýted” kluby bilen geçiren duşuşygy (2:3, Sitiniň peýdasyna) “Siti” üçin norwegiýaly hüjümçi bolmazdan geçiren bäşinji oýny boldy.

“Onuň ýagdaýlary gowy, ýöne bir kiçiräk mesele bar, ony aýagy biynjalyk edýär. Lukmanlar bejeriş işlerini bir hepdelik bes etmek we ony, ähtimal, Abu-Dabide dowam etdirmek kararyna geldiler. Şu aýyň ahyryna çenli ol taýýar bolar diýip umyt edýärin. Onuň süňkündäki jaýryk biziň pikir edişimizden birneme uly eken. Onuň bitişmegi üçin wagt gerek. Ol şu aýyň ahyrynda dolanmaga taýýar bolar” – diýip, “Mançester Sitiniň” resmi saýty Gwardiolanyň sözlerini getirýär.

Şu möwsümde Holand “Mançester Siti” üçin 22 oýna gatnaşyp, 19 gol geçirdi we bäş netijeli geçirim etdi. 


şu gün 13:41
7.4k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

şu gün 12:43
6.1k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

düýn 13:51
9.9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......