Geodeziýa we kartografiýa boýunça russiýaly hünärmenler Türkmenistana geldiler

  • 12.01.2024 17:29
  • 12k+

Moskwanyň Döwlet geodeziýa we kartografiýa uniwersitetiniň we Russiýanyň Döwlet bellige alyş, kadastr we kartografiýa baradaky federal gullugynyň wekilleri geodeziýa, kartografiýa we ýer kadastry pudagynda ylmy we amaly hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin Türkmenistana geldiler. Bu barada “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, saparyň dowamynda russiýaly hünärmenler Türkmenistanyň Oba hojalygy ministrliginde duşuşyklary geçirdiler, olaryň dowamynda degişli hünärmenleri taýýarlamak we bilelikdäki ylmy we amaly çäreleri geçirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Russiýadan gelen myhmanlar Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň we Türkmen oba hojalyk institutynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdiler. Olaryň dowamynda Türkmenistanda geodeziýanyň, kartografiýanyň we ýer kadastryň ösüşiniň geljegi hem-de ýurdumyzyň bu ugurlardaky zerurlyklaryny uniwersitetleriň okuw meýilnamalarynda görkezmek mümkinçiligi barada pikir alşyldy.


20.06.2026 11:54
5.2k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

12.06.2026 21:08
11k+

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça Saud Arabystanyndan we Russiýadan öňe geçdi

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça dünýäde birinji orna çykdy we köp ýyllaryň dowamynda bu babatda öňdebaryjylygy elden bermedik Saud Arabystanyny hem-de Russiýany yzda galdyrdy. Reuters......

13.03.2026 23:32
6.3k+

Türkmenistan «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrýar

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça çäreler hakyndaky Karara gol çekdi...