Zepp saglyga gözegçilik etmek üçin Amazfit Helio Ring akylly ýüzügini çykardy

  • 12.01.2024 17:14
  • 7.1k+

Amazfit akylly sagatlaryny öndürijisi hökmünde tanalýan Zepp kompaniýasy täze fitnes garniturasyny - Amazfit Helio Ring akylly ýüzügini hödürledi. Bu barada  Ferra Trusted Review-a salgylanyp habar berýär.

Ukyny yzarlamaga gönükdirilen beýleki barmaga dakylýan enjamlardan tapawutlylykda, Amazfit markasynyň ilkinji akylly ýüzügi saglyga gözegçilik eder.
Ol ulanyjynyň akyl we fiziki ýagdaýy barada giňişleýin maglumatlary ýygnar we smartfon programmasy arkaly düşnükli gündelik taýýarlyk görkezijisini üpjün eder.
Amazfit Helio Ring 2,6 mm galyňlykdaky titanium ergini örtükli daşyndan gaty ýönekeý görünýän ýüzükdir. Enjamyň agramy 4 g-den az we 100 metr çuňluga çümmäge mümkinçilik berýän suwdan goraýjylygy 10ATM-dir.
Işläp düzüjiler Amazfit Cheetah Pro ýaly Amazfit akylly sagatlarynyň üstüni ýetirmek üçin Helio Ring-i döredendiklerini, emma ony ugurdaş enjamsyz hem dakyp boljakdygyny bellediler.

düýn 20:49
1.2k+

Ilon Mask SpaceX üçin bütin dünýäde kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak barada meýilnamasyny yglan etdi

SpaceX kompaniýasynyň baş direktory Ilon Mask ABŞ-da we beýleki ýurtlarda täze kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak meýilnamasyny yglan etdi. Kompaniýa raketa uçuryşlarynyň sanyny ep-esli artdyrmakçy bolýar....

düýn 14:30
3.5k+

EA Wezuwiý wulkanynda pida bolan pompeýliniň soňky pursatlaryny aýnada ýaly görkezdi

Arheologlar b.e. 79-njy ýylynda Wezuwiý wulkanynyň atylmagy netijesinde wepat bolan adamlaryň soňky pursadyny dikeltmek üçin emeli aň tehnologiýalaryny ulandylar. Pompeý arheologik parky tarapyndan hödürlenen......

düýn 11:43
1.5k+

Curiosity-niň we Perseverance-iň täze panoramalary Marsyň hemme ýeriniň gyradeň däldigini ýüze çykardy

Curiosity we Perseverance mars rowerleri Ýere täsirli täze panoramalary iberdiler, olarda Marsyň landşaftynyň haýran galdyryjy derejede dürlüdigini aýdyň görkezdi....

düýn 06:43
4.9k+

NASA Argentinada ägirt uly ýürek şekilli reňkli köli görkezdi: ýöne onuň reňki näme sebäpden gülgüne?

NASA Argentinanyň Buenos-Aýres welaýatyndaky Salinas-Las-Barrankas duzly howdanynyň gaýtalanmajak suratyny çap etdi. Giňligi takmynan 10 kilometre barabar bolan we ýürek şekilini ýatladýan bu suw howdany......