Filosofiýany ara alyp maslahatlaşyp biljek neýroulgam döredildi

  • 12.01.2024 15:10
  • 3.8k+

Immanuil Kant adyndaky Baltika federal uniwersitetiniň (BFU) hünärmenleri filosofiýa degişli temalar boýunça gürrüňdeşlik  geçirmäge ukyply neýro ulgamyny döretdiler. TASS bu barada rus uniwersitetiniň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.

“Kant-bot” diýip atlandyrylýan bu neýro ulgamy uly dil modeliniň esasynda işleýär. Hatda, ol nemes filosofy Immanuel Kantyň tekstlerine we ideýalaryna esaslanyp, pelsepe, etika we döwrebaplyk bilen baglanyşykly kyn soraglara hem jogap berýär.
BFU-nyň ylmy işgäri Wladimir Sawinowyň sözlerine görä, “Kant-bot” akyldaryň tekstleriniň esasynda rus, nemes we iňlis dillerinde tälim aldy.
Kant-bot wagt, giňişlik we bagt düşünjelerine düşündirişlerini berip, olary Kantyň filosofiki ideýalaryndan täsirlenmek arkaly suratlandyrypdyr. Neýro ulgamy garaňky we çylşyrymly düşünjelere düşünişini görkezip, düşünjeleri seljerip we düşündirip bilmek ukybynyň bardygyny subut etdi . Döredijiler täze tehnologiki üstünligiň çekişmeleri we pelsepe düşünjesini täze derejä çykarmaga kömek etjekdigine ynanýarlar.


05.06.2026 19:21
5.3k+

EA agentleri wirtual Nýu-Ýorkda «ýaşap gördi»: olar özüni nähili alyp barandyr öýdýäňiz?

Emergence AI startap kompaniýasy belli emeli aň modellerini 15 günüň dowamynda Nýu-Ýorkuň wirtual nusgasyna ýerleşdirip, täsin bir tejribe geçirdi. Hünärmenler adam gözegçiligi bolmadyk ýagdaýynda emeli aň......

03.06.2026 23:06
1k+

OpenAI-den öňürtdi: Anthropic paýnamalaryny biržada ýerleşdirmek üçin arza berdi

Claude emeli aň modelini işläp düzüji Anthropic amerikan kompaniýasy paýnamalaryny ilkinji gezek köpçülige hödürlemek (IPO) boýunça resmi arza ýollady. Bu barada kompaniýanyň özi habar berdi....

02.06.2026 07:43
1.4k+

YouTube emeli aň tarapyndan döredilen wideolary awtomatiki usulda belgiläp başlar

YouTube platformanyň syýasatyndaky üýtgeşmeler barada yglan etdi we emeli aň (EA) arkaly döredilen wideolary bellemek ulgamyny ornaşdyryp başlady....

27.05.2026 14:38
1.8k+

«Eurostat» ýewropa kompaniýalarynyň näme üçin emeli aňy ulanmaýandyklaryny anyklady

Tehniki başarnyklaryň ýetmezçiligi, maglumatlaryň gizlinligi babatdaky gorkular we hukuk taýdan näbellilikler ýewropa kompaniýalarynyň emeli aň (EA) gurallaryny ulanmakdan ýüz döndermeginiň esasy sebäpleri......