"Barselonanyň" we Ispaniýanyň öňki goragçysy Pike tälimçilik karýerasyna başlar

  • 11.01.2024 19:16
  • 15k+

«Barselonanyň» we Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň öňki goragçysy Žerar Pike ýakyn wagtda tälimçi hökmünde futbola gaýdyp geljekdigini aýtdy.

«Täze ýyl ýetip geldi we men içgin oýlananymdan soň, futbola dolanmak kararyna geldim. Men ony örän küýseýärin. Bu gezek oýunçy däl-de, tälimçi bolaryn. Hepdäniň ahyrynda anyk maglumatlary paýlaşaryn» diýip, Pike «Х» sosial ulgamynda ýazdy.

Pike 2022-nji ýylyň noýabr aýynda oýunçy hökmünde karýerasyny tamamlady. Ol «Barselonanyň» oýunçysydyr. Pike «gök-gyrmyzylar» bilen sekiz gezek Ispaniýanyň çempiony, dört gezek Çempionlar ligasynyň ýeňijisi, 7 gezek Ispaniýanyň Kubogynyň eýesi, Ispaniýanyň Superkubogynyň alty gezek ýeňijisi, üç gezek klublaryň arasynda dünýä çempiony we üç gezek UEFA-nyň Superkubogynyň eýesi boldy.


düýn 23:41
2.3k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9.3k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
7.1k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......